SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI DABARALANÝAR
19-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzda belli şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli "Saglyk ýoluna" köpçülikleýin ýörişler, sport çäreleri, welosiped ýörişleri yzygiderli geçirilip durulmagy däbe öwrüldi. Ildeşlerimiz şeýle çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar.
Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen, özboluşly milli ýörelgäni emele getiren bu maksatnamanyň çäginde uly işler edildi. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri geçen ýyllaryň içinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde işe girizilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, onlarça sport - sagaldyş merkezleri, daşky gurşawy gorap saklamak, ilatly ýerleriň ekologik ýagdaýyny amatly derejä getirmek üçin döredilen bagçylyk zolaklary, seýilgähler, durky täzelenen şypahanalar, "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özleriniň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda, sport we bedenterbiýe bilen meşgul bolmakda ähli halkymyza nusgawy görelde bolup durýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze ylmy işi bolsa lukmançylyk bilen meşgullanýan hünärmenleriň ýan kitabyna öwrülip, ynsan saglygy bilen bagly wajyp meseleleriň tiz çözülmekliginiň ýardamçysy boldy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.
Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy, dürli halkara lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag kliniki edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy tejribesi düýpli öwrenilýär hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynda netijeli peýdalanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy berkitmäge we ruhubelentlige ýardam bermän, erkiňi taplamaga, işe ukyplylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär” diýip belleýär. Şeýle başlangyçlary, oňyn teklipleri öňe sürmek bilen diňe bir ýurdumyz üçin däl, umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýär. Ajaýyp ýörelgeleriň binýadyny tutan, yzygiderli geçirilýän giň möçberli çäreler, saglyk ýörişlerini geçirmek jemgyýetimizi ekologiýa jogapkärçiligine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýgül BAÝGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.