Gazagystandan Türkiýä ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

24-06-22

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe ugry boýunça ilkinji ýük otlusy anna güni Türkmenistandan geçip, şenbe güni Eýranyň Tähran stansiýasyna bardy.

Bu ýük otlusynyň gatnawy täze logistiki çözgüt bolup, esasan, wagt tygşytlylygy sebäpli ýük daşaýjylar üçin özüne çekijidir. Bu otly 6 müň 300 kilometrden gowrak aralygy 12 günüň dowamynda geçer we bu Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ulag ugry bilen deňeşdirilende has çaltdyr.

Kükürt bilen ýüklenen 48 konteýnerden ybarat bolan synag otlusy Gazagystanyň Pawlodar stansiýasyndan ugrap, Türkiýäniň Paýas stansiýasyna barar. Ýurdumyzyň iň esasy logistika merkezi Etrek stansiýasynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlary bilen ýükleme-düşürme işleri arkaly türk wagonlaryna geçirilip, soňra Türkiýe Respublikasyna barar.

Pars aýlagyna we Türkiýe bazarlaryna şeýle çalt ýük daşama hyzmatynyň geljekde yzygiderli amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylyň ahyrynda resmi taýdan işe girizildi.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.