Ýurdumyzyň ulag-logistika hyzmatynyň gerimi giňeýär
24-06-22
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ýurdumuzyň ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini goşmaça artyrmaga ýardam bermek hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ýük ugradyjydan bir ýa-da birnäçe görnüş ulaglar arkaly ýük alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gazagystan Respublikasynyň demir ýollarynyň golçur kärhanasy bolan “KTZ Ekspress” PJ-i bilen bilelikde Hytaý Halk Respublikasyndan Gazagystan Respublikasdan üstaşyr geçip ilkinji gezek Türkmenistanyň üsti bilen Türkiýe Respublikasyna konteýner otly düzminiň gatnwyny amala aşyrýar.
Hytaý Halk Respublikasy bilen Gazagystan Respublikasynyň serhedi bolan Altynköl stansiýasyndan “Pomidor pastasy” ýükli 82 sany 20 futlyk konteýner otly düzümi ugrap, ýurdumyzyň Serhetýaka stansiýasynyň üsti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşdy. Soňra konteýner otly düzümi “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň rejeli gatnawy amala aşyrýan fider gämisi arkaly Türkmenbaşy halkara deňiz portyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Baku portyna ugradyldy. Häzirki wagtda konteýner otly düzümi Baku-Tbilisi-Kars (BTK) ulag geçelgesiniň üsti bilen Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherine tarap hereketini dowam edýär.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.