Bag ekmek - sogaply iş

30-04-25

Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tebigat ýaşyl lybasa beslenýär, türkmen Diýary, türkmen topragy has-da gözel görke gelýär. Tebigatyň bu gözelliginiň täsiri, lezzeti başga. Şonda ene topragy gülzarlyga öwürmäge höwesiň, topragy keramat saýylýan Watanyňa söýgiň has-da artýar. Ýaz paslynyň ýetip gelmegi bilen tebigatyň täzeden direlişiniň pasly hökmünde bu döwürde bag nahallaryny oturtmagyň möwsümi hem başlanýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzda 2025-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasyny yglan etmek hem-de saýaly, pürli we miweli agaçlaryň nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär. Bu Karar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Gözel Diýarymyzy baglaryň, gülleriň mekanyna öwürmekde alyp barýan nusgalyk işleri bilen hemmämize görelde bolýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda ekilen baglar ata Watanymyzyň keşbini düýpgöter üýtgedýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarda, etraplarda, oba-şäherlerde köçeleriň gyralaryna, seýilgählere, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň daş-töweregine ekilen güller, miweli we saýaly baglar, dag etegindäki arça tokaýlyklary kalbyňa egsilmez şatlyk paýlaýar, olardan lezzet alýarsyň.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli durmuşy, abadan ýaşaýşy üçin gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň, täze obadyr şäherçeleriň düýbi tutulanda-da, olaryň açylyş dabaralarynda hem täze bag nahallaryny ekmek däbi ýörgünlidir. Her bir geçirilýän iş maslahatlarynda ekologiýa meseleleriniň durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen utgaşykly alnyp barylmagyny, tokaýly we bagly zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyny ündeýän hormatly Prezidentimiz gözel ülkämiziň şeýle jana şypa berýän topragyny diňe bir peýdalanmak bilen çäklenmän, ony gorap saklamagy hem başarmalydygy barada nygtaýar. Munuň özi tebigatyň bize eçilen gözelligini gorap saklamak bilen birlikde şol gözelligiň artdyrylmagyna hem uly üns bermelidigini aňladýar. Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary, nusgawy göreldesi bilen her ýyl müňlerçe gektar ýerde tebigy tokaýlar emele gelýär, millionlarça täze agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi halkymyzyň zähmetsöýerliginden, gözel tebigatymyza bolan çuňňur söýgüsinden nyşan.

Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýyş üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Alymlaryň arasynda umumy ykrar edilen garaýyşlara görä, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi tebigy we adam tarapyndan daşky gurşawa ýetirilýän täsirleriň netijesinde ýüze çykýan howplardan jemgyýetçilik köpçüligini hem-de döwletiň goraglylygyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemek işi ösüp gelýän ýaş nesliň ekologik aň düşünjesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, ekologiýa medeniýeti ýaşlaryň tebigat bilen gatnaşygyny, ekologik bilimlerini, eýe bolan başarnyklaryny ýaşaýyş-durmuşyndaky gündelik durmuşda peýdalanyp bilmek ukyp başarnyklarydyr. Şeýle çemeleşmeler häzirki döwürde Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa babatdaky syýasatyň özeni bolup durýar.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda amala aşyrýan bilelikdäki işleri hem ekologiýa taýdan ählumumy wezipeleri çözmegiň, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň, suw serişdelerini gorap saklamagyň, şeýlelikde, tebigaty dikeltmegiň, ony goramagyň çözgütlerini tapmak ugrunda diýseň möhümdir.

Bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrmak, olarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk duýgularyny, ekologiýa bolan gatnaşyklary terbiýelemek barada toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.