ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR BAGTYÝAR ÝAŞLAR

26-12-23

Tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şatlykly wakalara, toý-baýramlara beslendi. Ýatdan çykmajak ýakymly pursatlar, ajaýyp üstünlikler ýaşlarymyzyň ykbalyna nur bolup ýalkym saçdy. «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu gün ýaşlarymyza örän uly ynam bildirýär. Döwlet Baştutanymyzyň bildirýän şol ynamyna mynasyp bolmagy özleriniň baş maksady hasaplaýan ýaşlar geljegi gurujylardyr. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, medeniýetde, sungatda, bilimde we sportda, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öz döredijilik başlangyçlary bilen tapawutlanýan ýaşlarymyz Watanymyzyň ösüşlerini, halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalaryndan göwünleri galkynýan ýaş nesil üçin üstünlige, bagtyýarlyga, rowaçlyga beslenip, ösüşiň täze belentliklerine uzaýan ýoluň özboluşly badalgasy boldy. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly ýylyň şanly wakalaryny ýatlanyňda, kalbyňy ýakymly duýgular gaplap alýar.

2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilendigi baradaky hoş habar il-ulsumyzyň göwün guşuna ganat bekledi. Ýylyň şygarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesliň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler we ýaşlary goldamak ugrundaky tagallalar aýdyň şöhlelenýär.Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli we terbiýeli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli halal zähmet, adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, zähmete bolan söýgini terbiýeleýär. Gazanylýan üstünliklerde mähriban halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň hyzmaty uly. Eziz Watanymyz bilimler ýurdudyr. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň köpugurly bilim almaklary, ylmy gözlegler bilen meşgullanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilendir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar. Döwlet edaralary bilen bilelikde bu gurama ýaşlar babatynda birnäçe wezipeleri çözmäge gatnaşýar. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, ylym we tehnologiýalar babatda täze usullary we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy-barlag taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de bu hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge çalyşýar. Bu guramanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýaşlarymyzyň halkara derejesinde üstünlikleri gazanmaklary üçin ähmiýetlidir. Türkmenistanyň ýaşlar guramasy bilen daşary ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça tejribe alyşmagyna ähmiýet berilýär.

Täze taryhy zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi-de ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri we ýeňillikleri döretdi. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan kämil türkmen ýaşlary bildirilýän belent ynamy ödemek üçin tutanýerli we yhlasly zähmet çekip, ylym-bilim, sport, medeniýet we sungat ugurlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri bilen Watanymyzyň halkara abraýyna, şan-şöhratyna mynasyp goşant goşýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary hormatly Prezidentimiziň her bir öňe sürýän başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldap, halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Belent maksatlary baýdak edinen bagtyýar ýaşlar bu gün edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri wagyz-nesihat etmekde işjeňlik görkezýärler. Türkmen ýaşlary dünýä we halkara ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler. Ýakynda, paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri hem munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň, sergileriň we dabaralaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegine taýýarlykly barýarys. Bu halkara ylmy-amaly maslahat we sergi bagtyýar ýaşlaryň buýsançly köňüllerini has-da galkyndyrar we röwşen geljege bolan ynamlaryny ýokarlandyrar.

Halkara derejesindäki ylmy-amaly maslahatlara ýaşlaryň gatnaşyp, öz alyp barýan ylmy işleri boýunça çykyş etmekleri ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirleriniň, senagat-innowasion we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün edýär, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna giň mümkinçilik döredýär.

Ertir — 27-nji dekabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy esasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty, sergileri dabaralary geçiriler. Onda ýurdumyzda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, olimpiadalarda ýeňiji bolan, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, eziz Diýarymyzyň ösüşine goşant goşan ýaşlarymyzyň üstünlikleriniň jemi jemlener. Bu forum Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda özleri üçin döredilýän şert-mümkinçiliklerinden göwünleri galkynýan ýaşlaryň Watanymyzyň rowaçlygy we gülläp ösüşi ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýandyklaryny Ýer ýüzüne äşgär eder.

Türkmen ýaşlaryna ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Şatlyk AKMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.


169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.