Gurban baýramy – hoşmeýilliligiň we ruhy-ahlaklygyň baýramy

20-05-26

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many–mazmuna eýe bolan mukaddes Gurban baýramy halkymyzy täze üstünliklere, beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde Gurban baýramy ajaýyp millilik ýörelgelerimize laýyklykda hiňňildikler dikilip, medeniýet we sungat işgärleriniň saz-söhbetli çykyşlary guralyp, döwlet derejesinde we ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bagtyýar maşgala ojaklarynda täze-tämiz lybaslar geýlip, bereketli saçaklar giňden ýazylyp, il-ýurt abadançylygynyň, sag-salamatlylygyň, rysgal-döwletliligiň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär.

Gadymdan gelýän bu baýram adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Gurban baýramy – ozaly bilen, maşgala baýramy, her öýde gadyrly  myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Bu hoşmeýilliligiň we mähribanlygyň baýramy, adamlary birleşdirýän baýram.

Bu baýramçylygyň terbiýeçilik ähmiýeti uly bolup adamlary ynsanperwerlige, birek-biregi sylamaklyga, gowy gatnaşykda bolmaklyga, mätäje kömek etmeklige ündeýär. Ýyl dowamynda iş bilen meşgul bolan adamlara dogan-garyndaşlary ýatlamak, dost-ýarlar bilen baryş-geliş etmek, myhmançylyga barmak uly huzur bagyş edýär. Adamlaryň şeýle gowy gatnaşykda bolmagy parahatçylygyň girewidir.

Gurban baýramy ähli musulman halklarynyň mukaddes baýramydyr. Ata- babalarymyz bu baýrama aýratyn uly ähmiýet beripdirler hem-de ony giňden belläp geçipdirler. Musulman dünýäsiniň esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanandan soň, 71-nji günde başlanýar. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däpleri mynasyp dowam etdirilýär.

Gurbanlyk baýramçylygy sözüň doly manysynda, ynsan kalbyny tämizleýär, adamlary birek-birege mähriban edýär, agzybirlige çagyrýar. Bu baýram ynsanlary birek-birege has ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, jebisleşdirýär.

Gurban baýramy ata-babalarymyzyň iň mukaddes däpleriniň berjaý edilýän baýramlarynyň biri bolup, onda ynsana hormat goýmak, özgelere ak ýürekli garamak, ejizleri goldamak, hal-ahwalyny soramak, olara howandarlyk etmek, ýeri gelende mertligi, ýagşylygy we haýyr sahawatlylygy başarmak ýaly ajaýyp häsiýetler jemlenýär. Gurban baýramy günlerinde-de köňüller päklenip, milli däplerimiz çuňňur mana eýe bolýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem agzybir halkymyz Gurban baýramyny uly toý şatlygyna beslemäge taýýarlyk görýär. Döwletli ojaklarda bereketli saçaklaryň başynda edilen söhbetlerde, arzuw-dileglerde, okalýan aýatdyr töwirlerde ýurdumyzy agzybirlige, jebislige besleýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimize alkyşlar aýdylar. 

Goý, mübärek Gurban baýramy günlerinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin ediljek doga-dilegler, ýagşy umyt-arzuwlar gudraty güýçli beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Mukaddes Gurban baýramyňyz gutly, gurbanlyk sadakalaryňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!

Orazjemal DÖWLETMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.