Ýurdumyzda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek boýunça halkara maslahaty geçiriler
14-07-22
Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatynda belläp geçdi. Bu forum halkara we sebitara derejede häzirki zaman ulag-logistika ulgamynyň hereketiniň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Ony şu ýylyň 18-19-njy iýulynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran hem-de Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Maslahatyň gün tertibine ekologiýa, durnukly ösüş ulgamy, pudagy ösdürmekde ylmyň we bilimiň orny, sanlylaşdyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek halkara maslahatyň ähmiýetini nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we ähli ugurdaş meseleleri öz wagtynda, utgaşykly çözmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýoly gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awtomobil ulaglary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometre deň bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de gurluşygyny amala aşyrmak boýunça şertnamalary baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
25-nji oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
24-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi geçirildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan meşhur alabaýlaryň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.