Beýik şahyr, beýik akyldar – Magtymguly Pyragy
13-01-24
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede dabaraly bellener. Beýik türkmen şahyrynyň Russiýada oturdylan ilkinji heýkeli Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk etrabynyň Edelbaý obasynda ýerleşýär. Heýkeliň açylyş dabarasy 2008-nji ýylyň 16-njy maýynda boldy. Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen binagär S. Sarkisowyň taýýarlan bu heýkeliň açylyş dabarasyna Stawropol ülkesiniň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistandan resmi wekiliýet gatnaşdy.
Magtymguly Pyragynyň Astrahandaky ýadygärligi. Ol 2009-njy ýylyň 15-nji maýynda, Astrahan oblastynyň gubernatorynyň hem-de türkmenistanly wekiliýetiň gatnaşmagynda, uly dabara bilen açyldy. Magtymguly Pyragynyň bu heýkeli Russiýa Federasiýasynda beýik şahyra dikeldilen ýadygärlikleriň ýene biridir. Astrahan şäherindäki bu ajaýyp ýadygärlik Astrahan döwlet uniwersitetiniň öňündäki seýilgähde ýerleşýär. Ol meşhur türkmen heýkeltaraşy Saragt Babaýew tarapyndan taýýarlanyldy.
Ankaranyň “Türkmenistan” seýilgähindäki Magtymgulynyň ýadygärligi 2012-nji ýylda açyldy. Açylyş dabarasynda iki ýurduň tanymal artistleri çykyş etdiler. Bu çärä ýurdumyzyň medeni we sungat işgärleri, Ankarada okaýan türkmen talyplary we şäher ilaty gatnaşdy. Ýadygärligiň beýikligi takmynan bäş metre deňdir. 2017-nji ýylyň maý aýynda Daşkentde Magtymguly adyndaky köçäniň we barelýef şekilli ýadygärligiň açylyşy boldy. Dabara iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleri, diplomatik wekilhananyň wekilleri we halk köpçüligi gatnaşdy. Magtymgulynyň barelýef şekilli ýadygärligiň awtory – Horezmli ýaş heýkeltaraş Žaswand Annazarow.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Gurluşyk materiallary kafedrasynyň mugallymy
Bahargül Begmyradowa
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.