Abadançylygyň hem bolçulygyň baýramy
16-03-25
Türkmen topragynda togsan dolup, ýere ýyly gitmegi bilen, tebigat gaýtadan janlanyp, sowuk gyş ornuny bahara berdi. Bahar bagtly pursatlary goýnuna dolduryp, älem gözellikleriniň dürüni ykbalymyza bagyş edip, bosagamyzdan ätledi. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, duýgy dünýämize tükeniksiz ylham berýär. Pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanýar. Her paslyň öz gözelligi bar. Ýöne bahar paslynyň kalbyňy heýjana salýan, gözelligine bendi edýän, görünmeýän, bilinmeýän jadysy bar.
Dag-dereler ýaşyl begres geýende, durnalar gykuwlaşyp gelende, lemmer-lemmer gara bulutlar süýşüp, gök gübürdäp ýyldyrym çakanda, kükräp-kükräp bahar çagbasy ýaganda kalbyňda üýtgeşik duýgular döreýär.
Ata-babalarymyz baýramçylyk günlerindäki howanyň ýagdaýyna seredip, şol ýyl hasyllylygyň nähili boljakdygyny anyklamagy-da başarypdyrlar. Gadymdan gelýän düşünjä görä, Nowruzda «Gyşyň togsany dolup, ýazyň bossany gelýär» diýip hasap edilýär. Nowruz baradaky asyrlarboýy dowam edip gelýän yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň, alymlar tarapyndan aýdylýan ylmy maglumatlaryň ählisi hem adamzadyň tebigata bolan ýakynlygyny alamatlandyrýar.
Halkymyz Halkara Nowruz gününi gadymdan gelýän ajaýyp däp-dessurlary ýerine ýetirip, şatlyk-şowhunly garşylaýar. Nowruzda gadymdan bäri adata öwrülen däpleriň biri hem semeni bişirmekdir. Ol Äşe-Patmanyň aşy hasap edilipdir. Semenini il arasynda abraýdan peýdalanýan aýal-gyzlar taýýarlapdyrlar. Taýýarlanan semeni goňşy-golamlara paýlanylýar. Nowruzda semeni bişirmegiň, ony paýlamagyň maksady Täze ýylda bol hasyly, ýurt abadançylygyny, agzybirligi arzuwlamak bilen baglanyşykly.
Nowruzyň däp-dessurlarynyň hemmesi üçin halklaryň arasynda bir umumylyk häsiýetlidir. Haýsy halkyň däp-dessurydygyna garamazdan, olaryň ählisi ýagşy arzuw-niýetlere, ruhubelent umytlara besleýän maksatlardan gözbaş alýar. Sebäbi Nowruz baýramy kalbyňy heýjana salýan gözellik gymmatlyklarynyň egsilmez joşguna eýedigini subut edýän täzeleniş baýramydyr. Nowruzyň gelmegi bilen ene topraga ýyly girip, tutuş tebigat janlanýar, meýdanlar ýaşyl öwsüp, degre-daşymyz akly-gyzylly güllere, lälezarlyga beslenýär.
Nowruz barada nakyllardyr atalar sözüniň nesilden-nesle geçip gelmegi, onuň gadymylygyndan habar berýär. Türkmen nakyllarynyň arasynda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli», «Nowruzdan soň gar ýatmaz» ýaly pähimleriň ýüzlerçesi bar. Nowruzda ýaňy maýsalan bugdaýdan semeni taýýarlamak, dürli tagamlary bişirmek, birek-biregiňkä myhmançylyga barmak, hiňňildik uçmak, dürli milli oýunlarymyzy oýnamak ýaly däp-dessurlaryň berjaý edilmegi indi bagtyýar halkymyzyň bu mukaddes baýramçylygynyň dabarasyny has-da belende göterýär.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan türkmen halkynyň her güni hemişe toý-baýramlara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli we il-ýurt bähbitli ýadawyz aladalary elmydama rowaç bolsun!
Merjen ESENOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.