Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi

23-12-24

Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar.

Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar. Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, ‘Yzlamaýan bolarmy’, ‘Mübtela kyldy’ eserlerini döredipdir. Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märeke söýen adamdyr. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdir, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir. Ol beýik akyldardyr.

Magtymguly döredijilik işine ýaşka başlapdyr. Goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Magtymguly goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlisler okap berip, adamlary gahrymançylyga, ar-namysly, hüşgär bolmaklyga çagyrypdyr. Onuň ylham çeşmesi halk we onuň güzerany bolupdyr.

Şahyryň döredijiligi dürli temalarda bolan köp sanly şygyrlardan we poemalardan ybaratdyr. Onuň öz golýazmalary bize gelip ýetmändir. Magtymguly köp şygyrlaryny Pyragy lakamy bilen düzüpdir. Onuň döredijiligi XVIII asyr türkmen durmuşyny öwrenmäge örän köp material berýär. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, sotsial-deňsizlik, yşky-liriki, dostluk barada gumanistik ideýalary öňe sürýär.

Magtymguly edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň, hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Ol bu işi ählihalk işi diýip düşünipdir. Magtymguly edebiýatynyň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Onuň şygyrlarynda halka düşnüksiz pikirlere, arap-pars sözlerine seýrek duşulýar. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar. Magtymguly halkyň diline daýanmak bilen, ondan dilewarlygy we sadalygy öwrenipdir.

Goý, Beýik akyldar şahyrymyza uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ýulduz TURSUNOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.