Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi
13-01-24
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda BMG-niň daşky gurşaw boýunça Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan tematiki okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.
Maslahatlar Durnukly ösüşiň 17 maksadynyň hersiniň mazmuny, wezipeleri we manysy bilen içgin tanyşdyrmak maksady bilen, institutyň talyplary we mugallymlary üçin geçirildi. Şeýle hem çäreler bu halkara borçnamalaryň Türkmenistanyň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky anyk ädimlerinde niçiksi şöhlelenýändigini görkezmäge bagyşlanyldy.
Maslahatlaryň birinde DÖM-e ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlyk meselesine üns çekildi. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň global daşky gurşaw tagallalaryna gatnaşmagy we BMG-niň daşky gurşaw konwensiýalaryny goldamagy barada pikir alyşdylar.
Çäreleriň ýene biri Durnukly ösüşiň 14-nji maksadyna laýyklykda, Hazar deňziniň goralmagy bilen gönüden-göni baglanyşykly boldy. Onda Hazar deňziniň türkmen bölegine daşky gurşaw gözegçiligi we halkara daşky gurşaw şertnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada maglumatlar berildi.
Umuman aýdylanda, maslahatlar Türkmenistanyň daşky gurşaw boýunça Durnukly ösüş maksatlarynda eýýäm gazanan üstünliklerini, şeýle hem ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça meýilnamalaryny açyp görkezdi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Maksatgeldi Jummiýew
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.