MILLI ÝÖRELGELER - TERBIÝEÇILIK MEKDEBI
13-01-24

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, nesil terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda “Edep - bergidir, bermedige - görgüdir” diýip bellenilýär. Aslynda, türkmen halky perzendini sözüň üsti bilen, paýhasly sözler bilen terbiýelemegi, görelde görkezmegi ýörelge edinipdir.
Ýaş nesiller iň oňat edim-gylymlary ýagşy atadan görelde alypdyrlar. Türkmençilikde nesil terbiýesinde iň netijeli milli ýörelgelere daýanmak, paýhasly pederlermizden bize galan uly baýlyk, taýsyz sowgat bolmakdan ötri, biziň her birimiz üçin gaýragoýulmasyz borç bolup durýar. Her bir jemgyýet, şol jemgyýetde ýaşaýan adamlar, ata-babalardan bize ýeten mirasa, galdyrylan sowgada göz dikip, ondan peýdalanyp oňman, indiki, özünden soňky nesiliň aladasyny etmeli. Ýaşlykda gözüniň gören zady, gulagynyň eşiden habary, körpä gowy täsir edýär.
Nesil terbiýesinde düşündirijilik we terbiýeçilik ähmiýeti anyk bolandygy üçin tymsallary, nakyllary peýdalanmak netijeli usullaryň biri hasaplanylýar. Türkmen halkynda ýaş nesle ertekileri, taryhy wakalary, rowaýatlary gürrüň bermek ýörgünli bolupdyr. Şol gymmatly taryhy maglumatlar, rowaýatlar we tymsallar ýaş nesle ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. Şonuň üçin hem çagalaryňyza öýde ertekileri aýdyp bermek, nakyllaryň many-mazmunyny düşündirmek zerurdyr. Şeýle hem olara taryhy rowaýatlary gürrüň bermek bilen, geçmişdäki şahsyýetler bilen tanyşdyrmaly. Bu ýaşlarda milli ýörelgelere ygrarlylygy, watansöýüjiligi, asyllylygy terbiýeleýär.
Ösüp gelýän ýaş neslimiziň dogry ýol bilen öňe hereket etmeginde, oňat terbiýeli, arassa ahlakly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeginde taryhy gürrüňlerdir rowaýatlaryň ähmiýeti juda uludyr. Müňýyllyklaryň dowamynda kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimiz, şöhratly geçmişimiz nesil terbiýesinde hem möhüm orny eýeleýär. Bu gadymy ýörelgeleri, milli medeniýetimizi nesilleriň aňyna guýmak kämilligiň binýadydyr, röwşen geljegiň şuglasydyr. Nakyllaryň hem terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Olar nesilleriň paýhasly sözlere düşünmeklerine, dilewar bolmaklaryna oňat täsir edipdir. Türkmen halky ýaş nesle akyl bermek işinde haýsy ugurdan maslahat gerek bolsa, şol ugra degişli nakyllardyr atalar sözlerini, tymsallardyr rowaýatlary gürrüň beripdir. Şeýlelikde, nesillere pähim-paýhasa daýanmagy, il-gün bilen agzybirlikde bolmagy ündäpdirler. Bu işde ýaş nesli çagalyk döwründen başlap, maşgalada ata-ene şahsy göreldesi we ata-babalarymyzyň miras goýan ýörelgeleri esasynda terbiýeläp gelipdir.
Häzirki wagtda milli terbiýä, gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimize aýratyn üns berilýär. Şeýle asylly ýörelgelerimize esaslanyp, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, döwrebap bilim bermek mukaddes borjumyzdyr. Milli ýörelgelerimizi öwrenmäge, ýaş nesillere döwrebap bilim bermäge giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gahryman MERDANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Institutynyñ Ýangyn-tehniki fakultetiniň Ýangyn-tehnika kafedrasynyň mugallymy içerki gullugyň uly leytenanty.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.