Polat ýol bilen syýahat

28-07-22

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň edýän atalyk aladalary bilen asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Dürli maksatlar üçin ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar bilen birlikde, ulag menzilleriň we ýollaryň gurluşygyna aýratyn orun berilýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetiniň dikeldilýän häzirki döwründe ýurdumyzda gurlan halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň özeni bolan demir ýoluň müňlerçe kilometre uzaýan şahalary işe girizildi. Olaryň sanawynda Tejen – Sarahs – Maşad, Türkmenabat – Atamyrat, Aşgabat – Garagum – Daşoguz, Serhetýaka – Bereket – Akýaýla, Atamyrat – Ymamnazar – Akina demir ýollary mysal bolup biler.

Şol polat ýollaryň biri bilen maňa zähmet rugsady döwründe syýahat etmeklik nesip etdi. Aşgabat – Garagum – Daşoguz demir ýolunyň ugrundaky gurlan döwrebap stansiýalary diýermiň, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän owadan Garagum sährasy diýermiň, ol ýerdäki sazak, selin, ýandak, çomuç çöl ösümlikleri diýermiň, otlaşyp ýören goýun-guzulary, ak maýalary diýermiň, bir söz bilen aýdanyňda, wagtyň nädip geçenini hem duýman galypdyryn, görsem barmaly Daşoguz stansiýasyna gelip ýetipdiris.

Gör, häzirki zaman polat ýol bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny synlap syýahat etseň, alysdaky ýerler hem ýakyn bolýar. Ir säher bilen syýahatymyzy Köneürgenç şäherindäki 360 pirleriň ýadygärlikler toplumyna, soňra Aşyk-Aýdyň pirleriň ruhuna zyýarat etmek bilen ýolumyzy Görogly etrabynda ýerleşýän Ysmamyt-Ata, Öre-işan we Yzmyk-Şir galasyna tarap dowam etdirdik. Soň şol etrabyň Balyş Öwezow adyndaky daýhan birleşiginiň Ýüzbaşy obasynyň günortasynda ýerleşýän Bedirkent galasy meni haýrana goýdy. Üç asyr döwür üstünden geçen hem bolsa bu galanyň saklanyp galmagy mende uly täsir galdyrdy. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu gala taryhy wakalara baý, goranyş äheňinde gurlan desga barada Türkmenistanyň belli ýazyjysy Beki Seýtäkowyň “Doganlar” romanynda hem birnäçe maglumatlar aýdylyp geçilýär.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Kerwen Ýowbasarow hem Bedirkendiň şanyna birnäçe aýdymlaryny bagyş edýär. Medeniýetiň hak howandary Gahryman we mähriban Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtmak bilen, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň mydama üstünliklere beslenmegini  arzuw edýäris!

Umbar AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.