Söz ussady Magtymguly Pyragy

15-01-24

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda häsiýetlendirilýän mert ýigide gylyçdan beter ahlak, ynsan ölçegleri mahsusdyr. Bu ýerde mertlik diýen düşünje täze many-mazmuna eýedir: “Mert göwnünde daýym namys-ar artar...” Mertlik – durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň hadysasy. Akyldaryň mertlik düşünjesinde harby many ikinji orunda  bolup, birinji orunda ruhy-ahlak gymmatlyklary durýar. Magtymguly Pyragy mert ýigit diýip, il-ýurduny, Watanyny söýýän, türkmene mahsus bolan häsiýetleri özünde jemleýän ýigitleri göz öňünde tutýar. Pyragynyň döredijiliginde ruhy-ahlak gymmatlyklary öwüt-nesihatlaryň üsti bilen beýan edilýär:

Adam ogly bu dünýäden ötinçäň,
At biken abraýy alan ýagşydyr,

ýa-da:

Ýagşylykda ile özün tanadan,
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.

Magtymguly Pyragy her bir perzendiň öz ene-atasynyň öňündäki borjuny ussatlyk bilen düşündirýär:

Hudaý berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni.

Şahyr mylakatly bolmak, ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, arzylamak, olaryň sarpasyny belent saklamak barada hem öwüt-nesihat edýär:                     

Edebiň ýagşysy ulyny syla,
Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz.

Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihatlary kesgitli we uly mana eýe bolup, onuň goşgularynda millilik, ynsana mahsus häsiýetler, durmuş kadalary, giň dünýägaraýyş hem-de ahlak terbiýesine laýyk dürdäneler beýan edilýär. Şahyryň öwüt-nesihat we ahlak häsiýetli şygyrlarynda halkyň durmuşynda duş gelýän däp-dessurlaryň köpçülige peýdaly oňat taraplary hem nesihat edilýär.

Şahyr dostlugyň, myhmansöýerligiň, dogruçyllygyň, agzybirligiň we ş.m. gowy häsiýetleriň şahsyýetde terbiýelenmegini isläpdir, myhmansöýerlik häsiýetiniň tarapyny tutupdyr:

Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.

Bu setirlerde mert ýigitleriň myhmansöýerligi, sahylygy suratlandyrylýar. Şahyr:

Gelen aş diýip gelmez, turşatmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr
,

ýa-da:

Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,
Çar tarapdan myhman gelişin görüň

– diýen setirlerinde türkmeniň myhmançylyk däbini has-da aýdyň beýan edýär, myhmany güler ýüz, şirin söz bilen garşylamagyň juda möhümdigini belleýär.

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy döredijiliginiň dowamynda ynsanyň ýagşy işe gulluk edip, çyn sözli bolmak bilen, öwüt-ündewe gulak asmagyny wagyz eden ussatdyr. Muny şahyryň:

Sözümi diňlese bir bilen, belke,
Myradym nesihat etmekdir halka

– diýen setirleri hem doly subut edýär.

Şahyr üçin Watan, toprak hemme zatdan zyýada. Ynsan ogly göbek gany daman topragyny jany-teni bilen söýmeli. Bu babatda onuň özi il-ulusyna görelde. Şonuň üçin-de, şahyr köňül köýünden çykýan duýgusyny şirin zybanyna getirip: “Istemez men ol behişti, behişt mekanym bar meniň” diýýär.

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

– diýýän şahyr üçin, öz küýsegli mekanyndan mährem toprak ýok. Eger şahyr saý-sebäp bilen öz dogduk mekanyndan uzaga gidäýse hem, debsi-dähet oňa ýetmäniň arzuwy bilen ýaşaýar:

Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma,
Ýüzüm düşsün arslanyma, gurduma,
Magtymguly aýdar, meniň derdime,
Dünýäniň tebibi – Lukman şypa ber!

Akyldar şahyr eziz topragynyň gaýym binasyny, onuň tebigy gözelligini şygryýetiniň gudratly güýji bilen beýan edipdir. Meselem, ol “Türkmen binasy” atly şygrynda:

Gurdugym aslynda bigil, bu zeminiň myhydyr.
Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy

– diýip, onuň sarsmaz mizemezligini beýan etse, “Türkmeniň” şygrynda:

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň

– diýip, topragynyň gözellik bilen gurşalandygyny beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjiligi, ýurt abadançylygyny goramakdaky tagallalary bilen dünýäde  tanalýan türkmen halkynyň ruhy bitewüligi, geljege umydy Magtymguly şahyryň filosofiýasy bilen berk sazlaşygy emele getirýär. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary hasyl bolup, agzybir halkymyz bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýar. Bu gün Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne goşgulary watançylygyň, ynsanperwerligiň we döwletliligiň waspyna öwrülip, dünýä dillerinde belent ýaňlanýar” diýen ajaýyp sözleri ýurdumyzyň bilim işgärleri üçin ajaýyp terbiýeçilik mekdebidir. Pyraga goýulýan uly hormatyň şaýatnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligini içgin öwrenmek, durmuşda peýdalanmak, seýle-de ol şygyrlaryň kömegi bilen ýaş nesli iň gowy gylyk-häsiýetlerde terbiýeläp ýetişdirmek her birimiziň borjumyzdyr.

Timur ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Harby tehnikalar we awtotaýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, maýor.

169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.


169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.