AÝDYŇ ÝOLLARYŇ BEÝIK GELJEGI

23-01-24

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem ata-babalarymyzdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris. Ýurdumyz boýunça ýaş nesliň ylym-bilime, ene dilimizi öwrenmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler, dürli medeni çäreler terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar.

Ylym-bilim — täze açyşlara ruhlandyrýan güýç, ösüşiň esasy hereketlendirijisi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, Türkmen döwlet maliýe institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän dürli ylym-bilim, taslama, döredijilik, sport bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Institutymyzyň talyp türgenleri dürli derejelerde geçirilen sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn goldawlaryndan ylham alýan ýaşlar eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýärler. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bolsa ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Mähriban halkymyzyň, aýratynda biz ýaşlaryň ýankitabymyza öwrüljek hormatly Prezidentimiziň bu eseri ýurdumyzda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda, möhüm meseleleri çözmekde ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň Gahryman Arkadagymyza sowgat berilmegi bütin türkmen halkyny, hususan-da türkmen ýaşlaryny örän begendirdi, buýsandyrdy. Bu kitabyň başynda hormatly Prezidentimiz: “Watana söýgi – halka söýgi. Bu ýöne bir döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär” diýip belleýär. Bu bolsa watana bolan, halka bolan söýgini ýene bir gezek kalbyňa guýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz kitabynyň “Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly” atly bölüminde, “Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek” atly bölümlerinde ýurdumyzyň geljegi, ähli babatlarda garaşylmaly üstünliklerimiz üçin esasan ýaşlara uly ynam bildirilýänligini belleýär.

Tehnologiýalar asyryna öwrülen XXI asyrda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ylym-bilim ulgamynyň möhüm wezipesidir. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri daşary ýurtly hünärmenleriň ýokary bahalaryna mynasyp bolmak bilen, abraýly dünýä reýtinglerinde ýer alýarlar. Türkmen döwlet maliýe instituty 2023-nji ýylda «RUR» (Round University Rankings), şeýle hem «UI GreenMetric World University Rankings» ýaly halkara reýting agentlikleri tarapyndan kesgitlenýän dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda mynasyp orun aldy. Bu halkara şahadatnama institutymyza Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň özboluşly jemlenmesine öwrülen halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň çäklerinde gowşuryldy. Ýeri gelende bellesek, bu halkara reýting dünýäniň ýokary derejeli bilim ojaklarynyň ekologiýa düzümlerini kämilleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak ulgamynda durnukly ösüşe ýardam etmek boýunça işleriniň ýyllyk görkezijisidir.

Häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli ösmegine, dünýä dillerinden oňat baş çykarýan, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, institutymyzyň talyp ýaşlarydyr professor-mugallymlary ýurdumyzda we halkara derejesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän forumlara, ylmy-amaly maslahatlara, onlaýn duşuşyklara, döredijilik bäsleşiklerine gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde özleriniň makalalary, beýik akyldara bagyşlap ýazan eserleri bilen yzygiderli çykyş edýärler. Şeýle döredijilik duşuşyklarynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary okalýar, beýan edilýän pikirler diňlenilýär, milli edebiýatymyz hakynda söhbetdeşlikler guralýar. Bularyň hemmesi ýaş nesliň terbiýesinde milli ýörelgeleriň ornaşdyrylmagyna oňat täsir edýär.

Biz ýaşlara bilim almaga şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýtýarys, goý olaryň janlary sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.

Maral GANDYMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.