Bilimli ýaşlar — ösüşiň miremez binýady

09-02-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň ösdürilmegi ýurduň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagyna, medeniýetiň, oba hojalygynyň ösmegine şert döredýär. Ylmy ösdürmek üçin bolsa bilim binýadynyň berk bolmalydygyny durmuş aýdyň görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde biziň ýurdumyzda bu babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmek, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 31-nji oktýabrynda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtamak bilen ýaş nesli ylymly-bilimli, kämil hünär eýeleri edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň wajypdygyny belledi.

Elbetde, bu meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi biziň ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýdyň görkezýär. Çünki ýaşlar ýurduň hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Dürli ugurlarda ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan ajaýyp üstünliklerde ylymly-bilimli, döredijilik başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň hem mynasyp paýy bar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özlerine ýol-ýörelge edinen kalby hyjuwdan doly, maksada okgunly, ruhubelent, gujurly ýaşlar ýurduň geljekki eýeleri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ýaşlara uly bil baglaýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde okyjylara hödürlän ilkinji kitaby hem «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýlip atlandyrylýar. Bu ajaýyp kitapda ýaş nesliň döwletimiziň ösüşine goşýan mynasyp goşandy, olar hakynda döwlet tarapyndan edilýän alada, ýaşlaryň öňünde durýan wezipedir borçlar hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Bu gymmatly kitabyň ilkinji sahypalarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedow: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemek bilen ýaşlara uly ynamyň bildirilýändigini nygtaýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, olary saýlap alan hünärlerine kämil hünärmenler edip ýetişdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, olary höweslendirmekde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, internet olimpiadalarynyň hem ähmiýeti uly. Talyp ýaşlarymyz halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere-de işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Yzygiderli geçirilýän şeýle bäsleşikler ýaşlary täze ylmy gözleglere has-da höweslendirýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Şeýle uly ösüşlerde ýaş hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň aýratyn orny bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin bilimli ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler, bu babatda öz goşantlaryny hem goşýarlar.

Ýurdumyzyň röwşen geljegini üpjün etmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde bu ugurdan kämil, bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işler ýola goýulýar. Esasan hem, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenip, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary zerurdyr. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda durmuş çalt depginler bilen ösýär, özgerýär we öňde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ajaýyp döwrümizde çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten derejesinden habarly ökde hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Şonuň üçin ýaşlara döwrebap tehnologiýalary öwretmek, tebigy bilimlere oňat düşün-meklerini gazanmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegi möhüm ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda kämil hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Şöhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.