Bilimli ýaşlar — ösüşiň mizemez binýady
17-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň ösdürilmegi ýurduň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagyna, medeniýetiň, oba hojalygynyň ösmegine şert döredýär. Ylmy ösdürmek üçin bolsa bilim binýadynyň berk bolmalydygyny durmuş aýdyň görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde biziň ýurdumyzda bu babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmek, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtamak bilen ýaş nesli ylymly-bilimli, kämil hünär eýeleri edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň wajypdygyny belledi.
Elbetde, bu meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi biziň ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýdyň görkezýär. Çünki ýaşlar ýurduň hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Dürli ugurlarda ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan ajaýyp üstünliklerde ylymly-bilimli, döredijilik başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň hem mynasyp paýy bar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özlerine ýol-ýörelge edinen kalby hyjuwdan doly, maksada okgunly, ruhubelent, gujurly ýaşlar ýurduň geljekki eýeleri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ýaşlara uly bil baglaýar. Döwlet Baştutanymyzyň okyjylara hödürlän ilkinji kitaby hem «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýlip atlandyrylýar. Bu ajaýyp kitapda ýaş nesliň döwletimiziň ösüşine goşýan mynasyp goşandy, olar hakynda döwlet tarapyndan edilýän alada, ýaşlaryň öňünde durýan wezipedir borçlar hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Bu gymmatly kitabyň ilkinji sahypalarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedow: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemek bilen ýaşlara uly ynamyň bildirilýändigini nygtaýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, olary saýlap alan hünärlerine kämil hünärmenler edip ýetişdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, olary höweslendirmekde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, internet olimpiadalarynyň hem ähmiýeti uly. Talyp ýaşlarymyz halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere-de işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Yzygiderli geçirilýän şeýle bäsleşikler ýaşlary täze ylmy gözleglere has-da höweslendirýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Şeýle uly ösüşlerde ýaş hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň aýratyn orny bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin bilimli ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler, bu babatda öz goşantlaryny hem goşýarlar.
Ýurdumyzyň röwşen geljegini üpjün etmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde bu ugurdan kämil, bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işler ýola goýulýar. Esasan hem, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenip, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary zerurdyr. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda durmuş çalt depginler bilen ösýär, özgerýär we öňde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ajaýyp döwrümizde çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten derejesinden habarly ökde hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Şonuň üçin ýaşlara döwrebap tehnologiýalary öwretmek, tebigy bilimlere oňat düşün-meklerini gazanmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegi möhüm ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda kämil hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jennet GARAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.