Bilimli ýaşlar — ösüşiň miremez binýady

17-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etmegi netijesinde durmuşa geçirilýän ykbal özgerdiji üstünlikler türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barylýan häzirki döwürde ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ylym-bilimi ösdürmäge hem uly ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň ösdürilmegi ýurduň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagyna, medeniýetiň, oba hojalygynyň ösmegine şert döredýär. Ylmy ösdürmek üçin bolsa bilim binýadynyň berk bolmalydygyny durmuş aýdyň görkezýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde biziň ýurdumyzda bu babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmek, häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtamak bilen ýaş nesli ylymly-bilimli, kämil hünär eýeleri edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň wajypdygyny belledi.

Elbetde, bu meselelere aýratyn ähmiýet berilmegi biziň ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýdyň görkezýär. Çünki ýaşlar ýurduň hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Dürli ugurlarda ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan ajaýyp üstünliklerde ylymly-bilimli, döredijilik başarnykly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň hem mynasyp paýy bar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özlerine ýol-ýörelge edinen kalby hyjuwdan doly, maksada okgunly, ruhubelent, gujurly ýaşlar ýurduň geljekki eýeleri. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ýaşlara uly bil baglaýar. Döwlet Baştutanymyzyň okyjylara hödürlän ilkinji kitaby hem «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýlip atlandyrylýar. Bu ajaýyp kitapda ýaş nesliň döwletimiziň ösüşine goşýan mynasyp goşandy, olar hakynda döwlet tarapyndan edilýän alada, ýaşlaryň öňünde durýan wezipedir borçlar hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Bu gymmatly kitabyň ilkinji sahypalarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedow: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemek bilen ýaşlara uly ynamyň bildirilýändigini nygtaýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, olary saýlap alan hünärlerine kämil hünärmenler edip ýetişdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, olary höweslendirmekde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, internet olimpiadalarynyň hem ähmiýeti uly. Talyp ýaşlarymyz halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere-de işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Yzygiderli geçirilýän şeýle bäsleşikler ýaşlary täze ylmy gözleglere has-da höweslendirýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Şeýle uly ösüşlerde ýaş hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň aýratyn orny bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin bilimli ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler, bu babatda öz goşantlaryny hem goşýarlar.

Ýurdumyzyň röwşen geljegini üpjün etmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde bu ugurdan kämil, bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işler ýola goýulýar. Esasan hem, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenip, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary zerurdyr. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda durmuş çalt depginler bilen ösýär, özgerýär we öňde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ajaýyp döwrümizde çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten derejesinden habarly ökde hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Şonuň üçin ýaşlara döwrebap tehnologiýalary öwretmek, tebigy bilimlere oňat düşün-meklerini gazanmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi, kämil hünärmenleriň ýetişdirilmegi möhüm ugurlar hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kämil hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Bazar HALMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň kafedra müduri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.


«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.


BELENT SEPGITLERIŇ BEÝANY

Mälim bolşy ýaly Lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy kämilleşdirmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu maksatnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy.


16926875026bf9.jpeg
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.