Magtymguly Pyragynyň ýaş nesli baradaky goşgulary

17-02-24

Ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de iň wa­jyp usul­la­ryň bi­ri hem şah­sy gö­rel­de­dir. Mag­tym­gu­ly yn­san per­zen­di­niň ata-ene­si­ne nä­hi­li sar­pa goý­ma­ly­dy­gy ba­ra­da nus­ga bo­lan şa­hyr­dyr. Türk­men­ler­de ga­dym­dan gel­ýän ýö­rel­gä gö­rä, ça­ga he­niz aga-ga­ra dü­şü­nip-dü­şün­män­kä, ene-ata, il-ul­sa, te­bi­ga­ta, Wa­ta­na söý­gi duý­gu­sy bi­len ter­bi­ýe­len­ýär. Mag­tym­gu­ly ata­myz öz dö­re­di­ji­li­gin­de dur­muş­da özü­ňi alyp bar­ma­gyň ka­da-ka­nun­la­ry­nyň üs­tün­de köp du­rup­dyr.

Ow­wal Mag­tym­gu­ly özüň dü­zet­gil,
Özüň­ni sen öz­ge­le­re göz et­gil.
Az iý­gil, az ýat­gyl, sö­züň az et­gil,
Ne bar ma­ny­syz söz uza­mak bi­len.

Akyl­dar şa­hy­ryň şy­gyr­la­ryn­da türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan be­ýik hä­si­ýet­ler ba­ra­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Türk­men hal­ky özü­niň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ta­ra­pyn­dan wasp edi­len mer­te­be, asyl­ly­lyk, wa­tan­çy­lyk, zäh­met we myh­man­sö­ýer­lik, dö­re­di­ji­lik, pa­ra­hat­çy­lyk we asu­da­lyk ýö­rel­ge­le­ri, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­ny bi­len ge­çen yn­san­per­wer­lik ýa­ly oňat hä­si­ýet­le­ri­ni sak­lap, ola­ry asyr­lar­dan-asyr­la­ra aşy­ryp gel­ýär» di­ýip bel­le­ýär. Çün­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz dö­re­di­ji­li­gin­de hal­kyň dur­mu­şy­ny, ede­bi mi­ra­sy­ny açyp gör­kez­ýär. Türk­men­le­riň ga­dym­dan gel­ýän baý däp-des­sur­la­ry bar. Şol däp-des­sur­la­ryň bi­ri hem myh­man­sö­ýer­lik. Myh­man gü­ler ýüz bi­len gar­şy alyn­sa, ho­şal bo­lup git­jek­di­gi ba­ra­da şa­hyr öz goş­gu­la­ryn­da şeý­le ýa­zyp­dyr:

Mert çy­kar myh­ma­na gü­ler ýüz bi­le,
Na­mart özün giz­lär, myh­man ýo­luk­sa.
Akyl­dar şa­hyr ag­zy­bir­li­gi öňe sü­rüp­dir.

Uly­ny sy­la­mak, hor­mat goý­mak ýa­ly hä­si­ýet­le­re adam­kär­çi­li­giň iň go­wy ta­rap­la­ry hök­mün­de se­re­dip­dir.

Şa­hy­ryň ma­ny-maz­mun­dan ýü­ki ýe­tik dö­re­di­ji­li­gin­de dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ry­na, äh­li ta­rap­la­ry­na de­giş­li me­se­le­ler bi­len bir­lik­de türk­men ze­na­ny­nyň çe­per keş­bi­ne hem uly ba­ha be­ril­ýär. Gyz-ge­lin sar­pa­sy, türk­men ge­lin-gyz­la­ry­na mah­sus bo­lan asyl­ly­lyk, ag­ras­lyk, my­la­kat­ly­lyk, al­çak­lyk ýa­ly gy­lyk-hä­si­ýet­ler ba­ra­da­ky me­se­le­ler hem siň­ňit­li yzar­lan­ýar.


Şa­hyr «Duz hem bol­ma­sa» şyg­ryn­da şeý­le bel­le­ýär:

Dün­ýä sö­zi meň­zär duz­suz ta­ga­ma
Söz için­de ge­lin-gyz hem bol­ma­sa.

Be­ýik söz us­sa­dy ola­ryň be­lent adam­kär­çi­lik mer­te­be­si­ni, akyl-hu­şu­ny, pä­him-paý­ha­sy­ny, uly sun­gat bo­lan el hü­när­le­ri­ni, bol­çu­lyk çeş­me­si­ni eçil­ýän zäh­met­le­ri­ni hem wasp edip­dir.

Akyl­dar şa­hy­ryň şy­gyr­la­ryn­da türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň mil­li egin-eşik­le­ri, şaý-sep­le­ri, ze­nan­la­ryň el hü­när­le­ri, türk­men hal­ky­na mah­sus bo­lan mil­li däp-des­sur­la­ry söz ar­ka­ly çe­per be­ýan edil­ýär. Bu bol­sa türk­men hal­ky­nyň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek­li­ge, ola­ryň mil­li däp­le­ri­ne dü­şün­mek­li­ge esas ber­ýär. Şo­nuň üçin şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän däp-des­sur­la­ry­ny öw­ren­mek­de uly gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň mer­ke­zi yl­my ki­tap­ha­na­sy­nyň türk­men ede­bi­ýa­ty we seý­rek ne­şir­ler bö­lü­min­de da­na şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri we gol­ýaz­ma­la­ry sak­la­nyl­ýar. Özü­niň dür­dä­ne se­tir­le­rin­den do­ly şy­gyr­la­ry bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na gal­dy­ran Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan gün­ler­de şa­hy­ryň edep-ter­bi­ýe, öwüt-ün­dew ber­ýän goş­gu­la­ry ösüp gel­ýän nes­li­miz üçin ter­bi­ýe mek­de­bi­dir.

Jennet Ataýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Gurluşyk materiallary kafedrasynyň  mugallym-öwrenijisi.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.