Mary welaýatynyň esasy metjidinde Gahryman Arkadagyň adyndan sadaka berildi

13-01-24

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparynyň jemleri jemlenildi hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidiniň degişli binasynda Gahryman Arkadagyň adyndan toý sadakasy berildi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, bu ýerde aýat-doga okaldy. Onda ýurtda ýaýbaňlandyrylan işleriň uly üstünliklere beslenmegi, sahawatly topragyň berekediniň artmagy, halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ýurduň abadançylygynyň berkarar bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edýän hajy Arkadagyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Mary şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda ýerlerde geňeşiň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdan teklibini biragyzdan goldap, hajy Arkadagyň ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde ägirt uly işleri bitiren käbesi Ogulabat ejäniň we manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna gabat gelýändigini nazara alyp, belli günleriniň aralygyna düşýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek barada karara geldiler we ýagşy adamlary ýatlap aýat-töwirleriň okalmagynyň göwne makul boljakdygy barada özara geňeşdiler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy  fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
                                                                 Güneş Nursähedowa

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.