TEBIGATY GORAMAK – SAGDYN DURMUŞYŇ KEPILI

30-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli raýatlarynda, ilkinji nobatda ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata, ekologik gurşawa aýawly çemeleşmek netijesinde ekologiýa medeniýetini döretmek hem-de kemala getirmek, kämilleşdirmek, tebigata, onuň gymmatly baýlyklaryna söýgini terbiýelemek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Möhüm ekologiýa meselelerini çözmek halkyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin zerur hasaplanýar. Şeýlelikde, ekologiýa abadançylygy ýurdy gülledip ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy, täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Islendik ekologik taslamany netijeli durmuşa geçirmegiň möhüm ugry, halkyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan ekologiýa medeniýetiniň derejesi bilen şertlendirilýär. Şoňa baglylykda her bir raýatda, ylaýta-da geljegimiz bolan ýaş nesilde tebigata söýgini ösdürmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ilatyň ähli gatlagy üçin giň gerimdäki ekologik, aňbilim işini sazlaşykly üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Munuň özi diňe bir tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerini däl-de, eýsem, raýat jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň ekologik hereketiniň giň gerim bilen ösmegini nazarda tutýar. Şunda ýaz we güýz aýlary bag nahallaryny oturtmak, welosipedli ýörişleri geçirmek hem örän ähmiýetli bolup durýar. Şeýle ýagdaýda ilatyň arasynda tebigatyň gözelliklerine, arassa howa sarpa goýmak ýaly ýörelgeler has-da ösdürilýär.

Ekologiýa medeniýeti adamlaryň tebigaty, daşyny gurşap alýan dünýäniň gözelliklerini kabul ediş derejesidir hemde her bir ynsanyň älem giňişliginde öz eýeleýän ornuna düşünmegidir. Adamyň daşky gurşawa we tebigata bolan gatnaşygydyr. Häzirki döwürde Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir adamyň ekologiýa bilimini we medeniýetini ösdürmek, netijede her bir ynsanyň tebigatyň öňündäki jogapkärçiligini düşündirmek iň möhüm wezipeleriň biri hasaplanýar. Ekologik bilim bermegiň esasy maksady ynsan bilen tebigatyň arasyndaky özara gatnaşygy kemala getirmekden, ynsanlarda daşky gurşaw bilen özara sazlaşykda ýaşamaga bolan ukyby ösdürmekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemek işi ösüp gelýän ýaş nesliň ekologik aň düşünjesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, ekologiýa medeniýeti ýaşlaryň tebigat bilen gatnaşygyny, ekologik bilimlerini, eýe bolan başarnyklaryny ýaşaýyş-durmuşyndaky gündelik durmuşda peýdalanyp bilmek ukyp başarnyklarydyr. Şeýle çemeleşmeler häzirki döwürde Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa babatdaky syýasatyň özeni bolup durýar.

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda amala aşyrýan bilelikdäki işleri hem ekologiýa taýdan ählumumy wezipeleri çözmegiň, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň, suw serişdelerini gorap saklamagyň, şeýlelikde, tebigaty dikeltmegiň, ony goramagyň çözgütlerini tapmak ugrunda diýseň möhümdir.

Bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrmak, olarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk duýgularyny, ekologiýa bolan gatnaşyklary terbiýelemek barada toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.