SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI
17-02-24
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk medeniýeti – ýaşlaryň gözi bilen» atly surat çekmek bäsleşigini yglan etdi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli guralýan bäsleşigiň esasy maksady mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýäde parahatçylyk we howpsuzlyk baradaky düşünjeliligini we medeniýetini artdyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşige 1-11-nj synp mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, agzalan tema boýunça A3/A4 formatda çekilen suratlary 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli instituta tabşyrmaly Suratyň arka ýüzünde okuwçynyň familiýasy, ady, synpy, mekdebi we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilmelidir.
2024-nji ýylyň 17-nji fewralynda institutyň Baş binasynda bäsleşige hödürlenen suratlaryň sergisi geçiriler we hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň wekillerinden we beýleki agzalardan ybarat bolan eminler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlener. Ýeňiji bolan okuwçylar ýadygärlik sowgatlary hem-de diplomlar bilen sylaglanar.
Gülälek Gurbandurdyýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.