GARAŞSYZLYK — ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ ÖZENI
12-09-24

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin däl-de, eýsem halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi.
Ýurdumyzda ykdysady özgertmeler «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda durmuşa ornaşdyrylyp, olar toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu maksatnamalara laýyklykda, halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol oba hojalygynyň önümçilikleri ösdürmek, gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan birsydyrgyn ösdürmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň netijeli ulgamyny döretmek ýaly esasy ugurlar boýunça işler amala aşyrylýar.
Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak baharydyr.
Dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, älemde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?! Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy — pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi.
Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has ýokary göterýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillerimiziň hem egsilmez paýy bar. Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan goşantlary has-da dabaralanýar. Bu gün belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň islendik pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar. Ýaşlarymyzyň her biri Garaşsyzlyk toýuna özleriniň mynasyp zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.
Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Allaberdi DÖWLETOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.