DIL — AKYLYŇ AÇARY

26-09-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenmegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak hem-de onuň abraýyny halkara derejesinde ýokarlandyrmak, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Onuň üçin Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy we daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaşlara dilleri öwrenmekde, şeýle hem kämil hünärmenler bolup ýetişmegimizde uly işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Ýurdumyzyň ösüşlerine uly goşant goşjak biz ýaşlary kämil edip ýetişdirmek bu günki günüň möhüm ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin hem bilim öwrenmegiň iň täze usullary, netijeli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Esasan hem, dil öwretmekde, dünýä dillerini özleşdirmekde dürli usullar işlenip taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny, ony öwretmegiň okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyryp, ýaş nesliň dil biliminiň ösdürilmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň institutymyzda bolup, türkmen talyplaryna dünýä dillerini öwretmeklerini buýsanç bilen agzap bileris. Munuň özi talyp ýaşlaryň dünýä dillerini çuňňur öwrenip, özleşdirmeginde, erkin gürläp bilmeginde örän ähmiýetlidir.

Döwrebap bilim almagy, dünýä dillerini bilmekleri üçin döredilýän şeýle mümkinçilikden ýerlikli peýdalanmagy başarýan ýaşlar göwün söýen dillerini öwrenýärler. Dil bilmek danalygyň we çuňňur düşünjäniň çeşmesi, ähli üstünlikleriň açarydyr. Sebäbi dostlukly halklaryň dillerini bilmek dünýä garaýşyňy ösdürmekdir, ylmy çeşmeleri öwrenmäge giň mümkinçilikdir. Ylmyň, tehnologiýanyň şeýle tiz ösýän döwründe innowasion tehnologiýalar daşary ýurt dillerini öwrenmekde ygtybarly kömekçi bolýar. Şonuň üçin daşary ýurt dillerini okadýan mugallym, daşary ýurt dilini öwrenýän talyp häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan giňişleýin peýdalanýar. Çünki häzirki döwürde islendik adamyň telewideniýeden, gazet-žurnallardan hem-de internetden peýdalanmaga giň mümkinçiligi bar. Ösen tehnologiýalary netijeli ulanmak biziň islendik işimiziň ilerlemegine düýpli goldaw berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, düýpli bilim almaklary üçin ähli şertleri döredýär. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Rustam BAÝRAMGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.