Türkmeniň şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy
21-02-24
Hormatly Prezidentimiziň: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» – diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly Magtymguly atamyzyň many-mazmuna baý, şahyrana edebi mirasy külli ynsanyýet üçin köňülleriň çyragy bolup, ýaşaýyş durmuş babatda adalatly ýol-ýörelge görkeziji, hakyky adam bolup ýaşamaklygy ündeýji ruhy hazynadyr. Bu babatda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi» – diýip bellemek bilen, türkmen halkynyň we Gündogaryň beýik akyldaryna bolan çäksiz hormatyny çeper beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzyň şan-şöhratyny we halkara abraýyny mundan beýläk hem ýokary galdyrmak, ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek we dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda ýaş nesli terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
Ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň paýhas ummanynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuş meseleleri, ahlak we terbiýeçilik babatdaky öwüt-ündewleri tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize çenli dilden düşmän gelýär.
Magtymguly Pyragy — özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir.
«Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma»
diýmek bilen, dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar. Umuman, şahyryň şygyrlarynda watançylyk, ahlaklylyk, ygrarlylyk, gahrymançylyk, ynsanperwerlik, söýgi, sabyrlylyk, zähmetsöýerlik, edeplilik we beýleki mowzuklar öz beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyñ nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ edebi döredijiligini ylmy taýdan çuññur öwrenmekde häzirki wagtda türkmen alymlary giñ gerimli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki döwürde beýik akyldaryñ şygyrlary gazet-žurnallaryñ, teleradioýaýlymlaryñ üsti bilen giñ halk köpçüligine ýetirilýär. Magtymguly Pyragy özüniñ mizemez şygyrlary ene süýdi ýaly päk ynsanperwerlik, watansöýüjilik, edermenlik, gahrymanlyk ýaly duýgulary ynsan kalbynda oýaryp häzirki güne çenli halklaryñ arasynda öz gymmatyny yitirmän baky ýaşamagyny dowam edýär. Magtymguly Pyragy öz goşgularynda agzybirlik, halklar birleşdirmek, adamlaryñ arasynda dost-doganlygy berkitmek, adalatlylyk ugrunda göreş, söýgi, watana maşgala wepalylyk, birsözlülik, dünýäniñ gurluşyna akyl ýetirmek ýaly duýgulary özüniñ şygyrlarynyñ içinden eriş-argaç edip ussatlyk bilen geçirýär.
Beýik akyldarymyzyň: «Berkarar döwlet istärin» diýen göwün islegi bu günki gün wysalyna gowuşdy. Bize hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşret-hözirini görmek bagty miýesser etdi. Biz baky bagtyýarlygyň hem-de berkararlygyň gujagynda ýaşaýarys.Hut şu jähtden ajaýyp döwrümizde akyldar şahyrymyzyň döredijiligini ýaş nesillere wagyz etmek mukaddes ýörelgeleriň birine öwrüldi. Munuň özi ýaşlaryň terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ajaýyp döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni gymmatlyklarymyzy ösdürmäge giň ýol açyp berdi. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda Magtymguly atamyzyň her bir sözi ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar.
Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.