ÝAŞLAR - WATANYŇ GELJEGI

05-11-25

Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda ýaş nesilleri terbiýelemekde dünýä nusgalyk däpleri we ýörelgeleri döredipdir. Olar nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirilipdir. Zähmetsöýerlik, dogruçyllyk, tertiplilik, dostanalyk, ünslülik, daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek, jogapkärçilik, özbaşdaklyk ýaşlarda irki döwürlerden başlap kemala getirilýän häsiýetlerdir. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini kämilleşdirmekleri, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşden yza galmazlygy üçin ygtybarly serişdedir, geljekki üstünliklerimiziň we ösüşlerimiziň mäkäm binýadydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýylynda hem ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary, öz ukyplaryny we zehinlerini, aň-bilim mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, döwrebap hünär öwrenmegi, Watanymyza, halkymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bu şertler kanunçylygymyzda göz öňünde tutulandyr hem-de degişli maksatnama kabul edilendir. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, (rejelenen görnüşi) “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 - 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy”, şeýle hem “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” barada aýratyn bellemek gerek.

Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu babatda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip mynasyp belläp geçýär. Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk saklamagyň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 - 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy” tassyklanyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen bu guramanyň çäklerindäki taslamalara ýaşlary çekmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Ýaş diplomatlaryň halkara merkezini döretmek, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň şahamçalaryny açmak bilen bagly degişli işler alnyp barylýar. Şol sebäpli-de bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.

Ýaşlar ýurdumyzyň gülläp ösmegine geljekde-de mynasyp goşant goşjakdyklaryny tüýs ýürekden ynandyrýarlar. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar. Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!

Annagül ABDYRAHMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.