Ylym-bilim — bagtyýar geljegimiziň gözbaşy

06-01-26

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ata Watanymyzyň bu ulgamlarda gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we tehnologiýanyň döwrebaplaşdyrylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda ählitaraplaýyn ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu ugurda ýaşlara bilim bermek işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, ylmy-tehniki ösüşi üpjün etmekde täze tehnologiýalara we halkara tejribesine esaslanmak, döwrebap usulyýetleri özleşdirmek arkaly milli aýratynlyklarymyz bilen dünýäniň gazananlaryny utgaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.      

Şolardan ugur alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalary boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi, ony amala aşyrmagyň ugurlary we tapgyrlary kesgitlenildi. Konsepsiýa laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak göz öňünde tutulýar.

Şu maksat bilen, «Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2026—2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde hem möhüm orny eýeleýär. Ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan hoşniýetli daşary syýasatyň hem uly orny bar. Bu ugurda «Açyk gapylar» syýasaty esasynda ýola goýulýan halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar hem-de durmuşyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda sanly ulgamyň mümkinçilikleri döwrebap bilim ulgamynda giňden peýdalanylýar. Sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny guramagyň usullary kämilleşdirilýär, uzak aralykdan okatmak arkaly okuw sapaklary geçirilýär. Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hasaplanylýar.

Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmegi, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, milli bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamlarynda dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda uzak aralykdan ikitaraplaýyn okuw sapaklary guralýar.

Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň öňünde aýdyň wezipeleri goýýar. Biz hem ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde bilim başarnygymyzy, ukybymyzy, zehinimizi gaýgyrman geljekde hem Watanymyza wepaly bolup, netijeli zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyñ mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.