“GYZ EDEBI - IL EDEBI”
26-02-24
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp- dessur esasynda ýöredýär.
Hawa, türkmen halkynyň gyz edebine, nesil terbiýesine garaýyşlary barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň: “Gyz edebi - il edebi” diýen pähimi biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýelden-Günden gorap kemala getiren perzendiň diňe bir boý-syratyna däl, eýsem başarnygyna, at-abraýyna, edep-ekramyna guwanyp ýaşamak uly bagt. Türkmen gyzy diýlende, sypaýy, näzik, mähir dünýäsiniň eýesi göz öňüňe gelýär. Gyz edebi ene-mamalarymyz üçin iň wajyp borç we jogapkärçilik hasaplanylypdyr.
Gelin-gyzlaryň edim-gylymyna, edep-terbiýesine kybapdaş gelýän, olaryň boý-syratyny bezeýän egin-eşigi, şaý-sepleri özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, dünýä halklarynyň arasynda milli medeniýetimize, mirasymyza buýsanjymyzy artdyrýar. Şonuň üçin gelin-gyzlarymyzyň millilige görä geýinmekleri hem edep kadalarynyň biri hasaplanylýar. Öňki döwürlerde biziň ýurdumyzda bolan daşary ýurtly syýahatçylaryň biri: “Türkmenler ogul-gyzlaryny özleriniň göreldesi bilen terbiýeleýän eken” diýip belläp geçipdir. Türkmen halkynyň gyza terbiýe berşi üýtgeşik. Gelin-gyzlarymyzda biziň halkymyza mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek, hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Taryha ser salsaň, türkmen zenanlary Watana, öý-ojaga, söwer ýara bolan wepadarlygyň asyl nusgasyny görkezipdirler. Ene-mamalarymyz öz gyzlaryna geljekki durmuşynda gerek boljak hünärler bolan biş-düş, tikin-çatyn, haly dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, gaýma gaýamak ýaly işleriň inçe syrlaryny öwredipdirler. Enäniň her bir hereketini gyz maşgala öz häsiýetine geçirýär. Şonuň üçin hem könelerimiz eneleriň öz çagalaryna, onda-da gyz perzendine görelde mekdebi bolmalydygy barada parasatly sözleri aýdypdyrlar.
Hawa, her bir zenanyň içki oý-pikirleriniň we akyl-üşüginiň daşky lybasy hökmünde salyhatly, gelşikli, saýhally geýinmegiň medeniýeti, gyz-gelinlerimiziň tebigy owadanlygyny janlandyrýan daş keşpleri hem türkmen halkyny beýleki halklardan has-da tapawutlandyrýar. Muny bolsa, dürli döwürlerde türkmen topragyna syýahat eden alymlaryň, etnograflaryň türkmen gelin-gyzlarynyň ýüz keşpleriniň tebigy owadanlygynda, geýinmek medeniýetiniň has hem millilikdiginde gürrüň bermeklerinde aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Hakykatda hem, atalarymyzyň “Milli ýörelge-köpe görelde” diýişleri ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gelin-gyzlarymyz hem türkmeniň şeýle däp-dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa, taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir. Şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň, gelin-gyzlarynyň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýsa GYLYÇMÄDOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.