SAGLYK DÖREDIJILIK IŞJEŇLIGINIŇ ÇEŞMESIDIR
14-09-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamlary birleşdirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, döredijilik işjeňliginiň we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde «Saglyk» döwlet maksatnamasy, beýleki ugurdaş maksatnamalar durmuşa geçirilýär, lukmançylyk we sport desgalary bilen birlikde, degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn tagallalary netijesinde, Aşgabatda hem-de sebitlerde sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe bolýar.
Sagdyn jemgyýet - bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. “Sagdyn bedende - sagdyn ruh” diýilýär. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut etdi. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa biz - mugallymlary çäksiz buýsandyrýar.
Sport sagdynlykdyr, ruhubelentlikdir. Sporty söýýän, onuň bilen yzygiderli meşgullanýan islendik ýaşdaky adam beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, fiziki we ruhy taýdan işjeň bolýar. Her bir raýatyň sagdyn ruhda kemala gelmegi ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetimiziň sagdynlygy, halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap sport desgalarydyr sport toplumlary bagtyýar ýaşlarymyzyň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrülýär. Ýokary we orta okuw mekdeplerinde hem sport meýdançalarynyň bolmagy has-da guwandyrýar. Ýurdumyzda sporty dabaralandyrmakda, ýaşlarda sporta bolan söýgini ösdürmekde asylly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Öre TEKÄÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmamçylyk uniwersitetiniň Urologiýa we andrologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.