Beýik söz ussadynyň ebedi sarpasy

27-02-24

Gadam basylan 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy her birimizde çäksiz buýsanç we şatlyk duýgusyny döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has belent derejelere göterilendigini dabaralandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren halkymyzyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir». Bu gün halkymyz dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, şirin dilli söz ussadyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Täze, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde giňden bellenip geçiljekdigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan düýpli özgertmeler arkaly üstünlikli durmuşa geçirilýär. Demokratiýany pugtalandyrmaga, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Halkymyz bu asylly başlangyçlary gyzgyn goldap, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bu bolsa döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginlerine oňyn täsirini ýetirdi. Türkmenistan saýlap alan syýasy-ykdysady ugry dünýäde uly goldaw tapyp, halkara jemgyýetçiligiň ünsli synlaýan, hormat goýýan we guwanýan ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl gutlagynda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň gazanan diplomatik üstünlikleriniň Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýändigini belledi. “Daşary syýasatda Bitarap Watanymyzyň dünýädäki ornuny has-da berkideris. Ýer ýüzüniň döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrarys” diýip nygtady. Bu sözleriň aňyrsynda uly hakykat bar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine örän ünsli çemeleşýändigini aýdyň görkezýär.

Garaşsyz ösüşiň täze taryhy döwründe ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary kesgitlenildi — 2052-nji ýyla çenli Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy kabul edildi. Bu maksatnamada öňde duran wezipeleri netijeli ýerine ýetirmäge, jemgyýeti hil taýdan has-da kämilleşdirmäge, özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýurduň mümkinçiliklerini, kuwwatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda toplan tejribesini döredijilikli, başarjaňlyk bilen peýdalanmaga, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak, halkymyzy mundan beýläk-de bolelinlikde ýaşatmak wezipesi öňde goýuldy. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr, birsydyrgyn geçmek bu maksada ýetmegiň esasy guraly hökmünde kesgitlenildi. Bu işde, esasan, ylmy-tehnologik ösüşe hem-de halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine bil baglanylýar.

Häzir Türkmenistan milli we dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Olar senagat-önümçilik toplumlarydyr, ulag ýollarydyr, aragatnaşyk ulgamlarydyr, ýaşaýyş jaýlarydyr, stadionlardyr we beýleki durmuş-medeni maksatly desgalardyr. Munuň özi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da gowulanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Çünki raýatlaryň parahat, asuda ýaşaýşyny üpjün etmek, hakyky ykdysady ösüşler esasynda ony yzygiderli ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy täze taryhy döwrümizde türkmeniň akyldar şahyrynyň sarpasynyň uludygy hakdaky hakykatyň özboluşly beýanydyr. Şonuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny has belende göterip, beýik döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrdy.

Halkymyzy beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary has-da rowaçlyga beslensin, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly düşümli bolsun!

Bazar HALMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy,
Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.