MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ PAÝHASA ÖWRÜLEN SETIRLERI
04-03-24
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanýar. Halkyň ýüregine özüniň ajaýyp paýhasa öwrülen setirleri bilen ýol salmagy başaran beýik akyldaryň dürdäneleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hümmeti egsilmejek hazyna hasaplanylýar. Pyragynyň durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz ussadyna belent sarpanyň goýulýandygynyň şaýady bolýarys. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen akyldaryň eserleri öz şuglasyny bolluk bilen saçýar. Şahyryň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilmegi bilen, ol dost-doganlygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, birek-birege hormat goýmagyň waspy bolup ýaňlanýar. Munuň özi sözleriň uzuny saýlap alyp, olary adamzadyň edebi gymmatlyklarynyň arasynda orun tapan goşgularyna nagyş eden akyldaryň dünýäde ykrar edilen şahyrdygyny görkezýär. Bu gün dünýä halklary Magtymgulynyň dürler hazynasy bolan şygyrlaryny okaýarlar, ylham alýarlar.
Biz bu günki günde – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygryýet äleminiň parlak ýyldyzynyň ajaýyp setirleriniň söze sarpa goýýan adamlar üçin „şerhiniň kändigine“ göz ýetirýäris. Şygryýetiň piri, dana Pyragynyň paýhasa öwrülip, halkyň kalbynda ornaşan setirleri sanardan kändir, tutuş bir ummana barabardyr. Ol şygyrlaryň her bir setirindäki many-mazmun şu günki günde ynsanlara ýol görkeziji şamçyragdyr. Magtymguly Pyragynyň maslahat beriji setirlerine, durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ol paýhasa öwrülen setirler şu günki günde-de her bir maslahata mätäç adam üçin hakyky öwüt-ündewiň çeşmesi. Magtymguly Pyragynyň gözel poeziýasynda ýugrumy ýeten setirler dürdäne paýhaslara öwrülip, halka ýoda-ýörelge bolmak hyzmatyny ýerine ýetirip gelýär. Onuň döredijilik örüsi örän giň. Dana şahyr durmuşyň haýsy ugry barada söhbet açsa-da, onuň kalbynyň töründen syzylyp çykan setirleriň dertlere derman bolup ýaňlanýanlygy onuň ussatlygyndan habar berýär.
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň halkara derejesinde toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda şahyryň özboluşly, pähim-paýhasa ýugrulan köpröwüşli edebi mirasynyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilendiginiň ýene bir ýola şaýady bolýarsyň. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirip bolmaz, çünki şahyr hemişe özünden öňki akyldarlaryň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, özüniň ölmez-ýitmez eserlerini döredipdir.
Magtymgulynyň türkmeniň edebi güýçlerini bir ýere jemläp, özünden soňky nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyza gaýybana halypalyk edendigi hem ylymda kän gezekler ykrar edildi. Onuň döreden kämil edebi mekdebi özünden soňky döwürde, şol sanda häzirki zaman edebiýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky kämil pikirleriň ösdürilişi Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly meşhur nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem şamçyrag bolup nur saçýar.
Öňdengörüjilik, welilik bilen aýdylan sözler amala aşdy, „Berkarar döwlet islärin“ diýip, arzuwlan şahyryň islegi bu gün amala aşdy. Türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýar. Şygryýet äleminde daň ýyldyzy kimin lowurdap duran, aryf şahyr Magtymguly Pyraga Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goýýan sarpasy bimöçber. Magtymgulynyň döredijiligi ynsanlaryň ajaýyp duýgularyny birleşdirýär. Pyragynyň döredijiliginden döwletlilik, agzybirlik, bir başa gulluk etmek meseleleri eriş-argaç bolup geçýär. Ol türkmeniň abadan, parahat durmuşda ýaşamagyny, milli döwletli bolmagyny isleýär. Dana şahyrymyzyň arzuw-islegleri Garaşsyzlyk eýýamymyzda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Onuň öňe süren taglymlary, pikirleri bu günki türkmeniň Bitaraplyk syýasatynyň kökleri bilen sepleşýär. Häzirki wagtda hem dost-doganlyk gatnaşyklary dünýä ýüzünde «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň kepilidigine güwä geçýän hakykatdyr. Bu ýörelgeler Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik, Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä ýurtlary, goňşy we alys ülkeleri bilen ýakyn dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Ata Watanymyz dürli görnüşli dabaraly çäreleriň, forumlaryň, halkara maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Goý, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkleşip, at-owazasy äleme ýaň salsyn!
Jahan ÝAZGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.