Konstitusiýa – parahatçylygyň beýany

10-05-25

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwlet gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemleýär. Bu bolsa bazar ykdysadyýetine hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän wezipelerden ugur alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bilen, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurluşynda ilkinji aýgytly ädimler ädildi. Bu möhüm resminamada döwlet gurluşynyň esaslary, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, erkinligi we borçlary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamynyň gurluşy, ýurduň saýlaw ulgamy kesgitlenip, ol türkmen halkynyň taryhy mirasyna, däp-dessurlaryna, ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetine esaslandyryldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda degişli işler alnyp baryldy we ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwrüň we jemgyýetiň ýeten derejelerine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, Esasy Kanuna iň oňat dünýä tejribesi, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, Esasy Kanunymyz diňe bir mazmun däl, eýsem, gurluş taýdan hem kämilleşdirildi.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet isländigi baradaky şygry diňe bir şahyryň şahsy garaýşyny däl-de, eýsem, tutuş halkyň isleglerini beýan edýändigi üçin dilden düşürilmän gelýär. Halkymyz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Adyl we demokratik Konstitusiýasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan indi dünýäde giňden tanalýar we uly abraýa eýe boldy».

Konstitusiýamyz adamlaryň hukuk goraglylygyny ýokarlandyryp, jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmaga, halkymyzyň jemgyýetde resmi taýdan ykrar edilen hukuk we ahlak kadalaryny berjaý etmegine gönükdirilendir.

Döwletimiziň Esasy Kanunynda «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar» diýip berkidilen. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň özeninde halkyň bähbidi bar. Halky bagtyýar, abadan durmuşda ýaşatmak ýurduň baş şygary bolup durýar. Bu günki günde ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähmiýetli işler alnyp barylýar. Munuň özi ata Watanymyzda syýasy ulgamyň demokratik ýörelgelere esaslanýandygyny görkezýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 33 ýyllyk senesine taýýarlyk görülýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişini, ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýar. Bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watana bolan söýgüsini artdyrýar. Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri milli guwanjymyza hem buýsanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda dabaralanýar. Şanly seneler biziň gazanýan ösüşlerimizi, üstünliklerimizi dünýä buşlaýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasyndaky taryhy çykyşynda: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek işini dowam etdirer. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklary has-da kämilleşdiriler» diýip bellemegi, geljekde döwletimiziň milli kanunçylyk binýadynyň has-da ösdüriljekdiginiň aýdyň kepili bolup durýar.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň, Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň maksatlaryna we kadalaryna ygrarlydygynyň tassyklanylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmagy, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni we hukuk giňişliginde Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak taglymatlaryny öňe sürmegi biziň döwletimiziň kanunçylygyň binýadynyň nusgalyk derejede kämilleşdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ösdürmek baradaky başlangyçlary gyzgyn goldanylýar. Parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly maksatlarynyň hatyrasyna dünýä bileleşigi bilen halkara gatnaşyklaryny kämilleşdirmek Konstitusiýamyzyň mazmunynda mynasyp orun alandyr.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.