Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy

26-12-25

Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi, gününden hoşnutlygy diňe saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadyryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmek. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasy. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglyk goraglylygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda eziz Diýarymyzda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde goldawa mätäç çagalaryň ençemesi saglyklaryny dikeltdiler. Munuň özi kömege mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekde döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan üçin onuň jan saglygy gymmatly baýlykdyr. Beden saglygyny gorap saklamak adamyň özüne bagly. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, sowukdan goranmaly, köp keseliň başy sowuklamadan başlanýar. Howanyň her pasla görä özboluşlylygynyň bozulan halatynda, adam bedeninde dürli näsazlyklar ýüze çykyp bilýär we kellagyry, ukynyň bozulmagy ýaly ýagdaýlar döreýär.

Günde irden otaglaryň penjirelerini açyp, içerini ýelejiredip durmaly. Arassaçylygy berk berjaý etmeli. Dynç alşy, gündelik sekiz sagatlyk ukyny bedenterbiýe maşklary bilen sazlaşykly alyp barmaly. Sagdynlygyň gözbaşy bolan witaminlere baý önümler bilen kadaly we dogry iýmitlenmek bedenimize güýç, kuwwat berip, ony dürli kesellerden goraýar, bedeniň goraýjylyk ukybyny artdyrýar, fiziki we ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi dürli keselleriň öňüni alýar, ömrüň dowamlylygyny artdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli indi däbe öwrülen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Bu forumda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Nobatdaky kitap Gahryman Arkadagymyzyň düýpli ylmy ensiklopediýasynyň üstüni ýetirmek bilen, Diýarymyzyň ösümlik dünýäsiniň keselleri bejermekdäki gymmatly tebigy gorlary boýunça maglumatlary okyjylara ýetirýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Baý mazmunly ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary türkmen tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem ýardam edýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär. Bu eser ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşar.

Ata Watanymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ösen sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Diýarymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Gülbahar ŞIHMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.