Sagdyn ýörelge — sagdyn durmuş

19-12-25

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan edilen sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin amala aşyrmaly meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň kömegi bilen halkyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesliň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek ýaly wajyp meselelerden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň ykrar eden sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzda çuňňur ornaşýar. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi belent ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykarylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda gurlan we gurulýan sport mekdepleri, toplumlary, dynç alyş, sagaldyş merkezleri, şeýle-de beýleki desgalar bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýär.

Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir.

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mähriban Diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýa saglyk gününi halkara bileleşigi bilen ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň gymmatly baýlygy onuň raýatlarynyň saglygydyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda bedenterbiýä we köpçülikleýin sport hereketlerine giň gerim berilmegi ýaş nesli diýseň guwandyrýar. Ýurdumyzda gurlan döwrebap stadionlardyr sport toplumlarynda türgenleşmäge we uly üstünliklere ýetmäge ähli şertler döredildi. Bu zatlar höwesli çagalara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri açýar. Aşgabat şäheriniň gözelligine gözellik goşýan Olimpiýa şäherçesinde sportuň ähli görnüşi bilen baglanyşykly desgalaryň ençemesi jemlenendir.

Ýurdumyzda sportuň möhüm terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Çünki sport watansöýüjiligiň, edermenligiň mekdebidir. Dürli ýaşdaky raýatlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Ýaş türgenlerimiz diňe bir Türkmenistan döwletimiziň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlar edýärler.

Bagtyýar halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ruhda terbiýelenmegi, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny dikeltmegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.

1694e2dd9f1490.jpeg
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR

Mälim bolşy ýaly, Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­my­nyň­ Gal­ky­ny­şy­ döw­ründe­ beý­le­ki­ ul­gam­lar ­bi­len ­bir ­ha­tar­da,­ ylym-bi­lim ­ul­ga­my hem ­ösüş­ler­den-ösüş­le­re, ­öňe ­gi­diş­lik­le­re ­bes­len­ýär.­Ýaş­ nes­li­mi­ziň ­be­den ­we­ ru­hy ­taý­dan ­has­ kä­mil bol­ma­gy ­üçin köp­ iş­ler­ ama­la­ aşy­ryl­ýar.


1694a2c3ba155b.jpeg
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.


1694a2b572d7f3.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy

22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.


16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.