GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ ÇÄKLERINDÄKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE GÖNÜKDIRILEN BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRDI
14-03-24
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 11-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk geçirildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri ondaky çykyşynyň dowamynda guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Meýlis Öräýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.