ÖŇDEBARYJY KOMPANIÝALAR BILEN HYZMATDAŞLYK

14-03-24

Dünýä energiýa pudagynyň öňdebaryjy hyzmatlar bilen üpjün edijisi bolan «Petrofac» kompaniýasy «Türkmengaz» DK tarapyndan Türkmenistandaky «Galkynyş» gaz ýatagynda işlemek boýunça şertnama baglaşdy.

Üç ýyllyk şertnama aşakdakylary öz içine alýar:

  • amallara we tehniki hyzmatlara gözegçilik etmek we goldaw bermek;
  • tehniki goldaw we satyn alyş hyzmatlaryny üpjün etmek;
  • Galkynyş gaz ýatagynyň merkezi tehnologiki enjamlarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak.

«Turkmengaz» Döwlet konserni üçin «Galkynyş» gaz ýatagy taslamasynyň durmuşa geçirilmegi «Petrofac Engineering & Construction» işewür bölümi tarapyndan amala aşyrylan iň uly satyn alyş, gurluşyk we işe girizmek (EPC) taslamalarynyň biri boldy. Ululyk boýunça dünýäde ikinji ýeri eýeleýän gaz ýatagyny özleşdirmek baradaky şertnama 2009-njy ýylda baglaşylyp, 2013-nji ýylda tamamlandy. «Petrofac» tarapyndan hyzmat ediljek Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň golaýynda ýerleşýän desgalaryň kuwwatlylygy 10 milliard kub metre barabar. «Petrofac Asset Solutions» bölüminiň baş iş dolandyryjy direktory Nik Şorten «Petrofac» kompaniýasynyň «Turkmengaz» DK bilen hyzmatdaşlyk etmekde uly tejribesiniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem bu şertnamanyň baglaşylmagy «Asset Solutions»-yň geografiki gurşawyny giňeltmek üçin oňaýly strategiýany görkezýändigi ýene-de bir gezek subut etdi.

Muhammetarslan Ýagşymyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy  fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.