DÜNÝÄ BELLI BEÝIK ŞAHYRY
14-03-24
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň goldawy bilen, bu guramanyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Bu çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler hem-de Medeniýet we Yslam gollanmasy ministrliginiň wekilleri, şeýle hem EYR-daky Türkmen Medeniýet öýüniň müdiri Ali Rähbär, Eýranyň Medeni eserler we ýadygärlikler birleşiginiň wise-prezidenti doktor Alireza Habibi, Horezmi uniwersitetiniň edebiýat professory- Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ugrunda meşgullanýan doktor Nasser Koli Sarli, EYR-yň Mejlisiniň wekili doktor Amangylyç Şadmehr dagy gatnaşdy.
Çäräniň açylyş dabarasynda YHG-nyň Medeniýet institutynyň Prezidenti jenap Saad Khan hem-de ilçihananyň birinji sekretar-konsuly A.Baýramow çykyş edip, olar öz çykyşlarynda 2024-nji ýyl Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigi we şunuň bilen baglylykda ýurtda hem-de daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň geçirilýändigini nygtadylar. Şeýle-de medeni çäräniň dowamynda Magtymgulyşynaslar tarapyndan türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary okalyp, akyldaryň gelip çykyşy hem-de döredijiligi barada bellenilip geçildi.
Çäräniň dowamynda taraplar ilçihana bilen YHG-nyň Medeniýet Institutynyň arasynda alnyp barylýan medeni we ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada hem maslahatlaşdylar. Halkara guramalarynyňösüşiniň ýokary dinamikasy, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň, çeşmeleriniň we geljeginiň bardygyna ünsi çekildi.
Muhammet Hydyrow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.