Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant

04-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 8-nji noýabrynda ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berler. Häzirki wagtda bu asylly işe mynasyp goşant goşmak maksady bilen, welaýatymyzyň ähli künjeginde ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülýär. Welaýatymyz boýunça ekiljek bag nahallary doly taýýar edilip, häzirki wagtda baglaryň ekiljek ýerlerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Daşky gurşawy gowulandyrmak häzirki zamanyň iň möhüm meseleleriniň biridir. Biziň döwletimiz tutuş adamzat üçin möhüm ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň wajyp meseleleriniň çözgüdine ägirt uly goşant goşup gelýär. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alýan gök zolaklary döretmekde, daşky gurşawyň abadançylygyny ygtybarly goramakda, halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmekden ybaratdyr. Şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara derejesindäki duşuşyklarda, maslahatlarda yzygiderli nygtaýşy ýaly, tebigaty goramak biziň ählimiziň umumy işimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda janly tebigatyň goraglylygy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleriň çygry ýurdumyzyň çäginden çykyp, halkara jemgyýetçiliginiň mynasyp bahasyna eýe bolýar. Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklaryny emele getiren ählihalk bag ekmegiň ýazky möwsümine her ýyl Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda badalga berilýär. Şu ýyl bolsa 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşarlar. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýylyň-ýylyna geçirilip durulmagy netijesinde ýurdumyzyň çäklerindäki tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňelýär. Aýratyn-da, paýtagtymyzyň töweregindäki baýyrlaryň bagy-bossanlyga bürenip oturyşy göwünlere ganat berýär. Sähralyklarda Garagumuň şertlerine laýyk gelýän sazak, gandym, çerkez ýaly gyrymsy agaçlar ekilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ekmek üçin saýlanylyp alynýan baglar ilki ylmy taýdan öwrenilýär. Şunda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we daşky gurşawa oňyn täsir edýän baglara aýratyn üns berilýär. Gorag zolaklary döredilende, pürli, saýaly, miweli, üzüm, tut nahallary köp ekilýär.

Şeýle sogaply işleriň yzygiderli dowam etdirilmegi, millionlarça agaç nahallarynyň ekilmegi diňe bir tebigatyň däl, eýsem, ynsan saglygynyň hem aladasydyr. Ine, geçen ýyl ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda we welaýatlaryň töwereklerinde 3 million düýp bag nahalynyň ekilendigini göz öňüne getireniňde-de, bu sogaply işleriň nesilleri tebigata bolan söýgi bilen terbiýelemegiň özboluşly mekdebidigi baradaky pikir seriňe dolýar.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen her ýylda badalga berilýän bu ajaýyp çäre ata-babalarymyzyň bag ekmek baradaky asylly ýörelgeleriniň taryhy döwürde barha rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Baglar ömürlere, döwürlere saýadyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatynda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzy asylly işlere, maksatly tutumlara ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar eden ajaýyp döwletinde ýazlary gözelleşdirýän görkana baglaryň hatary barha artyp, ömürlere, döwürlere saýa salsyn!

Maksat MUHAMMETÝAZOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.