Bedenterbiýe we sport — sagdynlygyň gözbaşy
15-01-26
Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge giň mümkinçilikler döredýär. Halkara ölçeglere doly laýyk gelýän toplumyň ähli desgalarynda dürli derejedäki ýaryşlary, şol sanda türgenleşikleri we köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmäge zerur şertler bar. Ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlardan başlap, her ýylda guralýan umumymilli spartakiadalara köp sanly adamlaryň gatnaşmagy Diýarymyzda sporta uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.
«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen umumymilli oýunlaryň geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça syýasatyny amala aşyrmakda uly üstünliklere ýetilýändigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň sport ulgamyny ösdürmek babatdaky irginsiz aladalary netijesinde, türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzda sportuň ähli görnüşleri giň gerimde ösdürilýär, halkymyzy köpçülikleýin sporta çekmäge, sagdyn we berk bedenli ýaşlary, ussat türgenleri kemala getirmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda welosiped we awtoulag sporty hem uly meşhurlyga eýe bolýar, sportuň suwda ýüzmek görnüşi bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleriň sany güngünden artýar.
Muňa mysal hökmünde, indi mähriban Diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününi, 3-nji iýunynda Halkara welosiped gününi halkara bileleşigi bilen ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Şu uly üstünliklere, ösüşlere we şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hut özleriniň gatnaşmagynda we taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” ady bilen sport oýunlarynyň hem-de bedenterbiýe - sagaldyş hereketi giňden bellenilip geçirildi. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan bu uly, ählihalk sport baýramçylygyna bagtyýar raýatlarymyz hem işjeň gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň iň abraýly sport ýaryşlaryny türkmen döwletinde geçirmäge hukuk gazanmagy hem sport ulgamynda uly ösüşlere ýetilýändiginiň subutnamasydyr. Sport diňe bir beden işjeňligini kadalaşdyrman, ol ruhy dünýäňi, aň-düşünjäňi hem kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda ýaşlaryň akyl zähmetiniň, döredijilik üstünlikleriniň ýygjamlaşmagynyň aglabasy sportuň berýän oňyn netijeleridir. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, raýatlarymyzyň 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli ählisi diýen ýaly sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşi bilen meşgullanýar.
Ýurdumyzda sportuň möhüm terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Çünki sport watansöýüjiligiň, edermenligiň mekdebidir. Dürli ýaşdaky raýatlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Ýaş türgenlerimiz diňe bir Türkmenistan döwletimiziň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlar edýärler.
Goý, il-ýurt bähbitli beýik işlere badalga berýän, türkmen sportunyň abraý-mertebesini beýgeldip, şanyny dünýä doldurýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Jumagül ORAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.