Deňiz we derýa ulaglary pudagy

21-12-20

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň, özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýe­timiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň deňiz we derýa ulaglary düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar. Bu başlangyçlar «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyndan bäri ähli ulgamlarynda, esasan hem ulag ulgamynda belent sepgitlere ýetdi. Muny «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem görmek bolýar. Agentlik ýolagçy we ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň ösüş depginine uly goşant goşýar. «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň öňünde halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmaklyk, portlary we port nokatlaryny ösdürmek, söwda deňiz gatnawlarynda gämileriň ýüzüşleriniň howpsuzlygyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak boýunça wezipeler durýar.

2014-nji ýyl deňiz we derýa ulaglary pudagynyň taryhynda wajyp ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýylda Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düýbi tutuldy we 2018-nji ýylyň 2-nji maýynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde dabaraly açylyp, ulanyşa berildi.

Deňiz portunyň umumy tutýan meýdany 150 gektardan gowrak bolup, umumy ýükler, konteýner, ýolagçy hem-de ürgün ýük terminallaryny öz içine alýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň täze binasyny we ozalky hereket edip gelýän terminallaryny hasaba almak bilen 1 ýylda umumy ýük geçirijilik kuwwaty 25,8 million tonna deňdir. Şeýle-de portuň bir ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük awtoulaglaryna hyzmat etmäge mümkinçiligi bardyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň bir wagtda  17 sany gämini kabul etmäge we ýükleme-düşürme işlerini geçirmäge ukyplydyr.

Umumy meýdany 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminaly ýylda 400 müň konteýner geçirmäge ukyply. Gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 480 metr bolan terminal, bir wagtyň özünde 5000 tonna çenli doly göterijilik ukyby bolan 3 gämini kabul edip bilýär, bu bolsa Türkmenistanyň ulag-logistika infrastrukturasyny berkidip, eksportyň we importyň ösmegine uly goşant goşýar.

Polipropileni saklamak we ýükläp ugratmak boýunça ýöriteleşdirilen terminalynda ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de täze açylan Gyýanlydaky polimer zawodynda çykarylýan polipropilen önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmakda wajyp orunlary eýeleýär.

Ýolagçy-parom terminalynyň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulagyna hyzmat etmäge mümkinçiligi bar.

Umumy ýükler terminalynyň umumy meýdany 261,000 inedördül metr bolup, ýylda 4 000 000 tonna ýük geçirmäge ukyplydyr. Bu terminal polat, demir, agaç materiallary, ulaglar, enjamlar we agyr ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenendir.

Umumy ýyllyk ýük geçirijilik ukyby 3000 000 tonna ýük bolan Ürgün ýükler terminaly demir magdany, sement, kömür, kükürt, galla, şeker, duz we beýleki köp sanly ürgün ýük ýaly ýükleri ýükleme-düşürmek we saklamak üçin niýetlenendir.

«Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň ýylda 12 müň tonna demri işläp taýýarlamaga, 4 gämini gurmaga we 20 gäminiň abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçiligi bar. Şeýle-de toplumlaryň ählisinde bioarassalaýjy enjamlar oturdyldy. Bu bolsa portuň ekologiýa taýdan arassadygyny görkezýär. Bu zawody gurmak Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmegiň esasy tapgyrlarynyň biri bolup, deňiz ulaglaryna bolan islegi we olary abatlamak zerurlygyny doly kanagatlandyrmaga hem-de bu ulgamyň tehniki-önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň agyr senagaty pudagynyň we gämi gurluşyk ulgamynyň kemala gelýändigine aýdyň subutnamadyr. Bu desga 166 müň inedördül metr meýdany eýelär. Onda önümçilik meýdançalary, edara, tehniki we hyzmat ediş binalary hem bardyr.

Türk­menbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda sebitiň iri üstaşyr merke­zi bolup durýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge bagyşlanan «Ulag we logistika — durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň, Hazarýaka döwletleriň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň mejlisleriniň we bulardan başga-da logistiki düzümi has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara derejesindäki maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi halkara deňiz ýük gämi gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde, port düzümlerini ösdürmekde we logistik maglumatlary alyşmakda ähmiýeti uludyr. Bu maslahatlaryň çäginde Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere seredilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köpsanly we howpsuz halkara ulag-logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Hazaryň kenarynda bina edilmegi hem tutuş porty Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwürmäge gönükdirilendir. Geljekde bu portuň ulanylmagynyň netijesinde Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykjakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliliginiň ýokarlanjakdygy şübhesizdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender-Abbas, Enzeli, Amirabad portlaryna, Russiýanyň portlaryna ýa-da Azerbaýjanyň Baku portuna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açýar. Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlary üçin Ýakyn we Orta Gündogar hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki ýurtlaryň haryt we çig mal bazarlaryna çykmaga hem aňrybaş amatly şertleri üpjün edýär. Şunlukda, ol giň möçberli ýük gatnawlarynyň ýoluna harçlanýan wagty has gysgaltmaga şert döredýär. Munuň özi bolsa logistikanyň esasy şertleridir. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine goşant goşup, täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn şert döretdi.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtyna ýüzlenip bilersiňiz:

https://tmrl.gov.tm

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.