Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

20-03-24

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň ýaz paslynyň ilkinji günleri senagat düzüminiň nobatdaky wajyp desgasynyň — Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurlup ulanmaga berilmegine beslendi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň uçary Kerki Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dikuçary howa menzilinden iri senagat kärhanasyna tarap ugrady. Biraz wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýurdumyzyň iri sement zawodynyň birinji tapgyrynyň ýanyndaky meýdançada gondy.

Hormatly Prezidentimiz awtoulagda bu ýerden uzakda bolmadyk çäkde täze, häzirki zaman kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady.

Sebitiň we ýurdumyzyň ähli ilaty üçin ähmiýetli bolan waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýatynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Gurluşyk materiallary kafedrasynyň mugallymy
Bahargül Begmyradowa

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.