ÝAŞ NESLI TERBIÝELEMEKDE MILLI ÝÖRELGELER

04-11-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir. Ýaş nesli türkmen halkynyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary, olaryň asylly häsiýetleri bilen kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar.

Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler häzirki ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini we röwşen geljegimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, belent üstünliklere ýetilýär. Şeýle beýik ösüşler ildeşlerimizde buýsanç döredýär, olary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu gün mugallymlar hem ajaýyp döwrümize buýsanyp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň ylym-bilimli bolmaklaryna öz goşantlaryny goşýarlar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçynyň bilimi bilen bir hatarda, terbiýesine hem üns bermek zerurdyr. Bu işde mugallyma örän uly orun degişli bolup durýar. Mugallym özüniň guraýan her bir sapagyny terbiýeçilik işleri bilen baglanyşdyrsa, sapak has-da ýerine düşer.

Milli terbiýe üçin mugallyma belli bir wagt birligi bellenilmeýär. Mugallym terbiýeçilik işini okuw sapaklarynda-da, sapakdan daşary geçirilýän usuly işler arkaly hem, medeni çäreleriň kömegi bilen-de ýerine ýetirip biler. Okuwçynyň bilim-terbiýesi mekdep we maşgala bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr. Durmuşymyzyň, jemgyýetimiziň geljegi şu günki mugallymlaryň yhlasly zähmetlerine, işleriniň netijesine bagly bolup durýar. Her bir mugallym okuwçylary bilen synpda we synpdan daşary hem gyzyklanmalydyr. Öz işine ussat mugallym okuwçylaryň erkin ýerine ýetirýän işleriniň daşynda bolup, olaryň işine ýolbaşçylyk edýär. Şonuň üçinem mugallymyň her bir sapagyna taýýarlykly barmagy zerurdyr.

Okuwçy bilen umumylykda we ýekeleýin işlemegiň düzgünleri, olaryň sapaga bolan höwesini we işjeňligini gazanmak, interaktiw okuw usullary esasynda sapagy guramak mugallymyň ussatlygyna bagly bolup durýar. Her bir sapagyň şol bir görnüşde geçilmegi okuwçynyň ýadamagyna we işjeňliginiň peselmegine getirip biler. Şo-nuň üçinem ýaş hünärmenleriň bu ugur boýunça tejribeleriniň artmagynda halypalar hem uly güýç bolup durýar. Ýaş hünärmenler her bir sapagynyň netijeli, täsirli bolmagy üçin halypalar bilen maslahatlaşyp, olaryň iş tejribelerini öwrenip, öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanyp bilerler. Adamlaryň ýerine ýetirýän işleriniň arasynda mugallymyň işi iň çylşyrymlysydyr. Okuwçylaryň öý işleri, synp işleri ýerine ýetirişi, olaryň ýazan barlag işleri, düzmeleri, çeken suratlary, ýerine ýetiren tehniki şekilleri özünde köp maglumatlary saklaýar. Mundan başga-da, okuwçylaryň boş wagty ýerine ýetirýän işlerini, gyzyklanmalaryny öwrenmek hem mugallym üçin wajypdyr. Bu usulyň üsti bilen mugallym okuwçylaryň şahsy aýratynlyklaryny, işjeňligini, tertipliligini we başga taraplaryny öwrenip biler.

Ýaş nesliň bilimi we terbiýesi halkymyzyň baý edebi mirasy bilen berk baglydyr. Onuň esasy bö-legi halk döredijiliginde we çeper eserlerde jemlenendir. Has takygy, “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly”, “Kowusnama”, “Wagzy - Azat” ýaly ajaýyp eserler, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlary nesil terbiýesinde gaýtalanmajak mirasdyr. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri milli ýörelgämiziň, asylly terbiýäniň belent nusgasydyr, sebäbi olarda ýa-şaýşyň dürli meseleleri özüniň anyk jogabyny tapýar. Watana bolan söýgi, arassa ahlaklylyk, nesil terbiýesi bilen baglanyşykly pikirler, meseleler bu kitaplaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň häsiýetini taplamakda bu eserleriň bitirýän hyzmaty uludyr. Şonuň üçinem her bir guralýan sapaklarda şeýle gymmatly eserleri okuwçylara öwretmek, özbaşdak okamak endiklerini kemala getirmek mugallymyň esasy usullarynyň birine öwrülmelidir.

Türkmen halkynyň özboluşly ruhy dünýäsi, durmuş ýörelgeleri bar. Şeýle kämil durmuş ýörelgele-rimiziň üsti bilen ýaşlary terbiýelemek mugallymlar üçin uly buýsançdyr. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge, döwrebap bilim bermäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.