Sagdyn durmuş ýörelgeleri
26-01-26
Halkyň saglygynyň döwletiň baýlygyna deňelýän ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň binýady berkidilýär, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatdaky döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgelerini her bir ynsanyň, tutuş jemgyýetiň ýaşaýyş kadalaryna ornaşdyrmaga gönükdirilýär.
Şu nukdaýnazardan ugur alyp, täze taryhy döwürde jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan dürli baýramçylyklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň sport ýaryşlary, köpçülikleýin ýörişler bilen utgaşdyrylmagy, şeýle hem oňa bagtyýar raýatlarymyzyň uly höwes bilen gatnaşmaklary sport, Olimpiýa hereketiniň halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýändigini, oňa eýerýänleriň sanynyň barha artýanlygyny alamatlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde halkara derejesinde geçirilýän çempionatlaryň, sport ýaryşlarynyň ýurdy hökmünde şöhratlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda sagdyn durmuşda, sagdyn jemgyýetde amala aşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimize adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işine uly ähmiýet berip, ony döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Ruhy sagdynlyk we beden saglygy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmeniň gadymdan dowam edýän milli däp-dessurlary, edim-gylymlary hem şu ýörelgeden gözbaş alýar. Sport — ruhubelentlik, sport — sagdynlyk, sport — dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýan we dostlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan jemgyýetiň sagdyn ruhy ýörelgesidir. Halkymyz bu gün sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýdyň ýolundan bagtyýar geljege tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini jemgyýete ornaşdyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge saldamly goşant goşmakda ýurtda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa gurlup ulanmaga berlen ençeme bedenterbiýe we saglyk binalaryny, döwrebap sport we saglyk toplumlaryny mysal görkezmek bolar. Ýurdumyzda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda we beýleki ugurlarda birnäçe il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işler amala aşyrylýar, etraplardyr şäherlerimiziň sport mekdeplerinde dürli çäreler, ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Sport bilen meşgullanyp, ýaryşlara gatnaşýan her bir türgen özünde uly ruhubelentligi terbiýeleýär. Bu çäreleriň esasy maksady hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgesini dogry alyp barmagyndan, üstünlik gazanmagyndan ybaratdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň, çempionatlaryň yzygiderli geçirilýän ýurdy bolmak bilen sportuň parahatçylygy, abadançylygy we birek-birege ynanyşmagy öňe sürýän ýörelgelerini bütin dünýäde dabaralandyrýar. Bu babatda Garaşsyz döwletimiz sportuň rowaçlanýan, olimpiýa hereketiniň we halkara hyzmatdaşlygynda parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ileri tutulýan ýurdy hökmünde dünýä derejesinde özüni ykrar etdirdi. Gözel paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň, hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň uly ruhubelentlige, ýokary guramaçylyga beslenip geçirilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has hem belende göterdi. Halkara derejeli ýaryşlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sport işjeňligini, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigine aýdyň güwä geçýär. Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy hem parahatçylygyň ilçisi hasaplanylýan sportuň we olimpiýa hereketiniň ösdürilmeginde berkarar döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlara, durmuşa geçirilýän ägirt uly işlere uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolar esasynda hem türkmen sportunyň abraýyny belende galdyrjak ýaş türgenleriň ýüze çykmagy ugrunda ençeme işler alnyp barylýar. Biz hem etrabymyzda bu barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirip durýarys. Şol çärelerde sportuň adama sagdynlyk hem ruhubelentlik bagyşlaýandygy, öz güýjüňe hem başarnygyňa ynamy artdyrýandygy, umuman, sporty hemra edinmekligiň durmuşyňy gözelleşdirýändigi barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ýylyň dört paslynda sport bilen meşgullanmak üçin Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ähli şert-mümkinçilikleriň döredilendigi aýratyn buýsanç bilen nygtalýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz maddy we ruhy özgerişlerde täze belentliklere göterilip, bolelin durmuşda ýaşaýar. Berkarar Watanyň bagtly geljeginden ruhlanyp, täze döwrüň, bagtyýarlyk zamanasynyň ajaýyp üstünliklerinden rowaçlanyp, döwletimiz bagta gujak açýan ak ýollaryndan şanly geljegine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi barada uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýýa ANNANUROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Pediatriýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyñ müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.