Oba hojalygy ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi
28-06-24
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça alnyp barylýan syýasaty ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, düşewüntliligi artdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirlendir.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäginde «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl Arkadag şäherine baryp, onuň ikinji tapgyrynda ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň binalarynyň gurulmalydygyny aýdandygyny we ol desgalaryň guruljak ýerlerini kesgitläp berendigini belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi yaly, ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga, ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi berer.
Häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özeni bolup durýar.
Türkmende uly iliň soltany bolan ak bugdaýyň bereketli tohumyny ekip, azyk bolçulygyny döretmek işi uly sogap hasaplanylýar. Hakykatdan-da, bu gün türkmen daýhanlary, ýer eýeleri aýratyn üns-alada bilen gurşalandyr. Oba zähmetkeşleriniň ene ýere yhlas siňdirip, bol-bereketli hasyl ýetişdirmegi üçin döwlet tarapyndan ähli goldaw-hemaýatlar berilýär, olar dökün, tehnika, tohum, suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Oba hojalyk işleri üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarydyr önüm öndürijilerinden ýurdumyza zerur bolan häzirki zaman tehnikalary, şol sanda däne ýygnaýan «John Deere», «CLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlar yzygiderli satyn alnyp, daýhanlaryň ygtyýaryna berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi hem-de medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertler döredilýär. Orak möwsüminde sungat ussatlarynyň zähmetkeşleriň arasynda guraýan medeni çäreleri ekerançylyk meýdanlaryny toý-şagalaňly mesgene öwürýär, gallaçylary joşgunly zähmete ruhlandyrýar.
Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde pudagy dolandyrmagy we düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, oba ýerlerinde bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyz ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine-de aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk, seçgiçilik işlerini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine, obasenagat toplumyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Özümizde öndürilen önümleriň içerki bazarlardaky üpjünçiligini we oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Haýtjan KAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.