Oba hojalygy — ykdysadyýetiň möhüm ugry
28-06-24
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda barha rowaç alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär. Bu pudagy ykdysadyýetimiziň iň bir girdejili pudagyna öwürmek, ony ylmy esasda ösdürmek babatda ençeme işler alnyp barylýar.
Berkarar döwletiň ösüş-özgerişlerine zähmet üstünliklerini bagyşlaýan türkmen daýhanynyň halal zähmeti Watanymyzyň bagtly geljegini nurlandyrýar, döwrümiz bagtyýarlyk zamanamyzyň beýik işlerinden şöhratlanýar, ýeňişli ýollarda gujur gaýratlanýar. Edermen daýhanlarymyz döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijesinde sahawatly türkmen topragymyzdan bol hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanylyp, ata-babalarymyzyň kämil daýhançylyk tejribesi häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrylýar.
Türkmen halkymyz gadymyýetden bäri merdanalyga, tutanýerlilige, zähmetsöýerlige ýugrulan zähmet ýeňişlerini görkezip gelýär. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlaryň, hasyl ussatlarynyň gazanýan ýokary netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Oba hojalyk toplumy ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş derejesi, bolelin hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň bu pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Häzirki döwürde oba hojalygyny tehniki hem tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda, täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özgertmeleriň täze tapgyry amala aşyrylýar. Şunda sebitleriň ilatynyň durmuş derejesiniň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen anyk işlere aýratyn orun berilýär.
Ýurdumyzyň strategik maksatlaryndan ugur almak bilen, ylmy-barlag edaralary tarapyndan oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde maldarçylykda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk işini ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda giňeltmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin ygtybarly binýat döredilýär.
Muňa penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri oba hojalyk pudagynda uly işleriň alnyp barylýandygyny, esasy maksadyň halkyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdygyna, möwsüme görä ýere dynç berip, zerur bolsa, ekin dolanyşygyny geçirmegiň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagyň, onuň şorlaşmagyna garşy wagtynda göreşmegiň wajypdygyny belläp, ýurduň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleri ekmegiň, olara döküni we suwy zerur mukdarda hem-de öz wagtynda, ylmy tejribä esaslanyp bermegiň döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, ylmy işleri yhlas bilen dowam etmeli, gallanyň we pagtanyň bol hasyly bilen bir hatarda, beýleki oba hojalyk ekinlerinden hem ýokary hasyl almaly. Munuň üçin bolsa topraga öz wagtynda ideg etmeli — diýip, alym Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ylmy işläp taýýarlamalaryň her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmelidigini, welaýatlaryň, etraplaryň oba hojalyk hünärmenleriniň oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmak bilen bu pudagy ösdürmekligiň üns merkezinde saklanylýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan şeýle beýik işleri bolsa milli ekerançylyk däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, ýaş nesli zähmete söýgi ruhunda terbiýelemekde uly aladalaryň edilýändiginiň alamatydyr. Bu asylly işler ak bugdaýyň her dänesini gyzyla deňäp, ene ýerden bereket tapýan halkymyzy uly zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.
Beýik başlangyçlary bilen Watanymyzy berkararlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan belent maksatly beýik başlangyçlarynyň dowamaty dowam bolsun!
Babajan ABDULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.