Oba hojalygyň durnukly ösüşi - azyk bolçulygynyň wajyp şerti

28-06-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk möwsümini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar Daýhanlaryň durmuşynda möhüm hasaplanýan möwsümi ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda traktorlaryň we ekiş gurallary doly herekete girizilýär. Etraplarda göçme ussahanalar, ýangyç daşamaga niýetlenen awtoulaglar bilen üpjün edilen ýörite toparlar döredilýär.

Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanýan ýaşlar oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça dürli temalarda ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparyny amala aşyryp, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli işler bilen yzygider tanyşmagy aýratyn bellärliklidir.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň çäginde  ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň kämilleşdirilmelidigine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda alym Arkadag ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag işleriniň derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Zähmetiň mehanizmleşdirilmegi we awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmagyň möhüm şertini emele getirýär. Bu ugurda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler oba ýerlerinde zähmete bolan höwesiň ýokarlanmagyny, oňa ýaş hünärmenleriň çekilmegini we ilatyň iş bilen üpjünçiligini şertlendirer. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze, döwrebap tehnikalary daýhanlaryň ýakyn ýardamçylaryna öwrüldi.

Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine, obasenagat toplumyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Özümizde öndürilen önümleriň içerki bazarlardaky üpjünçiligini we oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Haýitjan KAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.