GARAŞSYZ WATANYM, BAGTYÝAR HALKYM

25-09-23

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gysga döwrüň içinde ösen döwletleriň hataryna deňleşdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň göwün islegi sözüň doly manysynda hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz Türkmenistany görmäge göz gerek. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy, halysy, saz gurallary, şaý-sepleri ýaly milli gymmatlyklary bilen bütin adamzady haýrana goýup gelýär. Bu gymmatlyklar kämil halk hökmünde milletimiziň gaýtalanmajak aslynyň bardygynyň aýdyň kepilidir. Geçmişde danalary, ylym adamlary, şahyrlary bilen dünýä tanalan, özboluşly däbini, päkize-halal milli gylyk-häsiýetlerini gorap saklap şu günümize çenli sünnäläp getirmegi başaran halkdyr.

Bu gün dünýäniň ähli halklary we döwletleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly döwletdigini ykrar edýär. Milli buýsanjymyz, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl Tugumyz dünýäniň depesinde parlaýar. Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlar boýunça durnukly ösýär.

Megerem, dünýäde şundan uly bagt, şundan uly baýlyk ýok bolsa gerek. Ýurdumyzyň ykdysady, sosial, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň, onuň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň ykbalyny kesgitlemek barada saýlap alan taryhy ýolunyň dogrudygyny äleme äşgär etdi. Ýurdumyzda döwletimiziň kanunçylyk binýadyndan başlap, ýaşaýşyň, gündelik meselelerine çenli ähli zatlar oňyn özgerýär, döwrebaplaşýar.

Dürli güllere beslenip, iň bezemen toý lybaslaryna geýinen ýaly gözel ilime ajaýyp toýumyz ýetip gelýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň toý-dabaralary ýakynlaşdygyça gözel ýurdumyza buýsanjymyz has-da artýar. Taryh üçin sähelçe bolan şu ýyllar içinde asyrlara barabar üstünlikli ýollary geçen gözel ilimizi taryp etmäge söz gerek.

Ak mermerli Aşgabat adyna mynasyp bolan gözel paýtagtymyz ozalky görküni düýpgöter üýtgedip, toý lybasyna beslendi. Belent ymaratlaryň her biri köşki eýwanlar kimin gözleriň ýagyny iýip barýan taýsyz zynata öwrüldi. Milli binagärlik däpleriniň iň gowy nusgalarynyň talaplaryna laýyk gelýän ymaratlary bilen tapawutlanýan şäherimiz dünýä ýurtlarynyň islendik şäherçe gözellige eýe boldy. Medeni-durmuş hem-de gaýry maksatlar bilen düýpgöter täzeden gurulýan şäherimiziň görki görenleri haýran edýär.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň peşgeşleriniň eýesi bolan ýurdumyzda diňe paýtagtymyzyň görküniň täzelenmegi däl, eýsem gaýry şäherlerimizdir obalarymyzda-da her bir jähtden has amatly, gözelligine söz aýdyp bolmaýan ymaratlar näçe diýseň guruldy. Bagtyýar halkymyzyň rahat hem-de hözirli durmuşy üçin ähli ýerde amatlylygy bilen tapawutlanýan ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesi guruldy.

Obalardyr şäherlerimizde gur­lan bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport,medeni dynç alyş maksatly ymaratlaryň hetdi-hasaby ýokdur. Täze mekdepler, sport mekdepleri hem-de stadionlar, saglyk öýleridir saglyk merkezleri, çagalar edaralary ilatly ýerleriň ählisinde guruldy. Bu işler birjik-de togtadylman ,gaýtam täze depginlere eýe bolýan işler hökmünde üstünlikli dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda kabul edilýän kanunlaryň kämilleşdirilmegini, hemmetaraplaýyn gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen alyp barýan işleri hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanunlaryň esasy kadalary türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna esaslanyp, şu Kanunlara laýyklykda, ýurdumyzyň her bir raýaty hemişe yhlasly aladadan, ünsden we goragdan peýdalanýarlar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň dünýäniň syýasy kartasynda biziň ýurdumyz diňe bir Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde däl-de, eýsem dünýäde durnukly ösüşi, parahatçylygy we asudalygy hakykat ýüzünde goldaýan hem-de bu islegiň amala aşmagy üçin iş alyp barýan döwlet hökmünde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna we dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň iň iri we abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns bermeginiň ägirt uly ähmiýeti bar.

Paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň ýerleşmegi alyp barýan syýasatymyzyň halkara derejesinde goldanylýandygynyň alamatydyr. Munuň özi Türkmenistan döwletiniň halkara guramalary bilen bilelikde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly maksatlarynyň durmuşa ornaşýandygynyň kepili bolup durýar.

Ýurdumyz Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga eýe bolandan soň mähriban Diýarymyzda dabaraly toý tutulyp, baýram edilip bellenilýän şanly seneler watandaşlarymyzyň her biriniň buýsanjyna, milli mertebesine, guwanjyna, şatlygyna, göbek ganynyň daman topragyna bolan çäksiz söýgüsine öwrüldi. Her ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň baýramy bolsa şol şanly seneleriň, toý-baýramlaryň iň bir naýbaşysy, ýüregimize ýakyny diýsek hakykatdan daş düşmeris. Bu gün biz göz guwanjymyz, ýürek ýagymyz, bagtdan püre-pür şu günümiz, has rowaç boljak ertirimiz bilen berk baglanyşdyrýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna barýarys.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler, mähriban Watanymyza, beýik üstünliklere guwanyp hem buýsanyp ýaşamaga ruhlandyrýar. Mähriban halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýgül GURBANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.