Arassaçylyk — saglygy berkitmek baradaky ylym

09-11-26

Arassaçylyk — bu adam saglygyny berkitmek we saklamak baradaky ylymdyr. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda öz çagalaryna gözegçilik etmelidir. 

Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmekligi öz durmuşyňyza ornaşdyrmaly.

Dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklary bilen hem meşgullanmalydyr. Arassaçylygy egin-eşik, aýakgap gigiýenasy, iýmit gigiýenasy, zähmet gigiýenasy, jemgyýet gigiýenasy ýaly toparlara bölmek bolýar.

Şahsy beden arassaçylygyna birnäçe talaplar degişli bolup, ol adamyň zähmete bolan ukybyny gowulaşdyrýar, uzak ýaşamagyny üpjün edýär, kesellerden goraýar. Beden arassaçylygynyň talaplary dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Bedeniň arassalygy egin-eşige, aýakgaba, ýorgan-düşegiň arassalygyna-da baglydyr. Ýene-de aýratyn nygtalmy zatlaryñ biri, adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa, oýnawaçlar oýnalandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, düşündirmelidir. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara aýdyp, ýatladyp durmalydyr. Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr.

Adamlar köçeden we köpçülik ýerlerinden gelenlerinde hökman ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Mundan başga-da, nahar iýmezden öň we soň, çagalar bolsa, oýnawaçlar oýnalandan, okuw esbaplaryny ulananlaryndan soň hökman ellerini sabyn bilen ýuwmalydyklaryny, diş çotgalaryny şärikdeşlikde ulanmaly däldigini düşündirmelidir. Her bir ene-ata arassaçylyk düzgünlerini berjaý edýändiklerine garamazdan, elmydama çagalara aýdyp, ýatladyp durmalydyr. Arassaçylyk düzgünleriniň kadalaryna aşhanalarda aýratyn üns berilmelidir.

Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri bilip, berjaý etmäge çalyşmalydyr. Ähli iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr. Gök we bakja önümleri köpräk iýmelidir. Gök önümler we miweler iýilmezden öň gowy edip akar suwda ýuwmalydyr. Azyk önümleri, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler, süýt we süýt önümleriniň saklanyşyna üns bermelidir we arassa bolmalydyr. Nahary ýapyk gapda saklamalydyr. Iýmit taýýarlanylýan ýeri hemişe arassa bolmalydyr. Aşhana enjamlary, gazanlar, jamlar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr. Gap-gaç süpürilýän süpürgiçleri her gün ýuwup, güne serip guratmalydyr. Jamlary we aşhana gaplaryny iýmit iýlen badyna ýuwup, süpürip, tekjelere örmelidir. Diňe arassalanan suwy ýa-da gaýnadylyp, sowadylan suwy ulanmalydyr. Mundan başga-da, jaýyň içi we onuň daş-töweregi hemişe tämiz saklanmalydyr. Hassalygyň öňüni almak we öz saglygyny gorap saklamak her bir adamyň borjudyr. 

Ynsan saglygyny baş döwlet aladasy hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

Täzegül WILÝANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we genikologiýa kafedrasynyň assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.