Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary

25-09-25

Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy we mähriban halkymyzy röwşen geljege, belent sepgitlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň baky berkararlygynyň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň mizemez kepili bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip bellenilýär. Garaşsyzlyk baýramy gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, şöhratly geçmişimize, nurana geljegimize ynamy goşalandyrýan beýik baýramdyr.

Garaşsyzlyk milletiň we döwletiň ykbalyna ägirt uly täsir edýän milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Garaşsyzlyk baýramy pederlerimiziň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, garaşsyz döwlet, adalatly jemgyýet hakynda ençeme asyrlap edip gelen arzuwlarynyň wysal bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan-da, arşyň altyn şuglasyna, tylla Günüň nuruna deňelýän Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Çünki ykbaly çüwüp, bagty göterilen her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän bu keremli söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemleýär. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýän bu gudratly söz milletimiziň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk ýurt berkararlygymyzyň sarsmaz sütünidir, erkanalygymyzyň mäkäm binasydyr.

Garaşsyzlyk milletimize egsilmez güýç berýän, nesillere ynam berýän gudratdyr. Ine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şu aýratynlyklary barada oýlananyňda kalbyňy: «Garaşsyzlyk – ykbaly göterilen türkmeniň bagtynyň al-asmanda ganat ýaýmasy!» diýen buýsançly owaz gaplap alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň tyllaýy säherinden başlanýan toýdur baýramlara beslenýän bagtyýar, bagtly, şatlykly günlerimiz bir-birine zynjyr kimin sepleşip, her bir türkmenistanlyny bagtly geljegine sary ynamly alyp barýar. Bagt ýollaryndan batly gadamlar bilen barýan türkmen ykbaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde tanalmaz deý özgerdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde  ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin ähmiýetli däl-de, eýsem halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli öňe sürýän döwletdir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nurana şuglasy astynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy barha ýokarlanýar. Garaşsyz, Diýarymyz Ýer ýüzüniň halklarynyň dost-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbitlerimize däl, eýsem halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýän hemişelik Bitarap döwletdir. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin gijesini gündiz edip işleýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Muhammetguly ATAGARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.


TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.