MILLI LIDERIMIZIŇ IÇERI WE DAŞARY SYÝASATY HALKARA HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ ÜNS MERKEZINDE

05-02-22

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda üstünliklerimiz üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi yzygider ýokarlanýar. Ýakynda  ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren interwýusy hem bu aýdylanlary aňryýany bilen subut edýär. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.

Berkararlyk döwründe bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýan eziz Diýarymyzda hormat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda äh­li­ta­rap­la­ýyn ösüş­le­re täze­çe badal­ga be­ril­di. Gahryman Arkadagymyzyň baş­tutanly­gyn­da Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da yla­laş­dy­ry­jy, se­bit­de howp­suz­ly­gy sak­lap, hoş­ni­ýet­li dost­luk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­ýän mer­ke­ze öw­rül­di. Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň we köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň Türkmenistana bolan ägirt uly gyzyklanmalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Bu sorag-jogap söhbetdeşligi, hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öňýanynda «CCTV», «CGTN in Russian» telekompaniýalarynyň, «Ženmin žibao» gazetiniň hem-de «Sinhua» habarlar agentliginiň gepleşikleri we sahypalary üçin geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň başynda «CCTV» we «CGTN in Russian» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna şu interwýuny guramak başlangyjy bilen çykyş edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hytaýda we onuň çäklerinden daşarda millionlarça tomaşaçylary we okyjylary bolan, dünýäde meşhurlyk hem-de uly abraý gazanan şeýle köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen söhbetdeşligiň geçirilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasynda özara düşünişmegiň has-da giňeldilmegine ýardam berer. Şeýle hem, Milli Liderimiz Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çözgüdi barada aýdyp, ilkinji nobatda, bu sport bäsleşikleriniň bütin dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi. “Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Bu oýunlar halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmäge, açyklyga hem-de birek-birege hormat goýmaga ýardam berýär” - diýip hormatly Prezidentimiz bu saparynyň asyl maksadyny düşündirdi.

Hanym Ýuý Sýaoşuanyň Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda ynanyşmak, özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýmak hyzmatdaşlyklarynyň ugurlar boýunça netijeli ösüşi baradaky sowalyna Mähriban Prezidentimiz biziň ýurdumyzy Hytaý bilen dünýägaraýyş, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde maksatlarymyzyň hem-de wezipelerimiziň ýakynlygynyň birleşdirýändigini aýtdy Şeýle hem, bu sorag-jogap söhbetdeşliginde Diýarymyzyň  Hytaý Halk Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, dürli görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüňdeşlik edildi. Şol bir wagtda milletimiziň gadymdan bäri gelýän gymmatlyklaryny gorap saklamaga hem-de olaryň häzirki döwür bilen özara baglanyşygyna aýratyn üns çekildi. Şonuň ýaly-da, Döwlet Baştutanymyz bu dostlukly ýurt bilen dürli görnüşdäki sebit hem-de halkara derejesindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi.

“Halkyň Arkadagly zamanasynda” hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli içeri we daşary syýasatynyň düýp mazmuny, esasy maksady ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak işine işjeň gatnaşmakdan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan yzygiderli ösüş depginli we täzeçillik häsiýetli ykdysady strategiýasy türkmen döwletiniň halkara abraýynyň gyşarnyksyz pugtalanmagynda sebit we global geosyýasat boýunça onuň tutýan ornunyň we abraýynyň has-da artmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak, halkara giňişliginde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak ugrundaky işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.

Zulhumar MURADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.